Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň çäginde hereket edýän «Arzyly menzil» daýhan hojalygynyň gowaça meýdanlarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda alnyp barlan giň gerimli işler ajaýyp netijesini berdi. Has anygy, hojalyk 22 gektar meýdandan 40 tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyryp, bu barada bellenen meýilnamany artygy bilen berjaý etdi.
Şeýle guwandyryjy üstünligiň gazanylmagynda bu ýerde gowaçalara talabalaýyk ideg edilmegi, olaryň zyýankeşlerden göwnejaý goralmagy, atyzlarda kemala getirilen hasyly ýygnamaga öz wagtynda girişilmegi we beýleki çäreler örän ähmiýetli boldy.
— Atyzlarymyzda entek hasyl köp. Şoňa görä-de, häzirki günlerde pagta ýygymyny öndürijilikli dowam etdirýäris. Nesip bolsa, ýene-de azyndan 20 tonna pagtany döwlet harmanyna goşarys. Bu hem biziň şanly ýylymyzy has-da uly üstünlige beslejekdigimizi aňladýar — diýip, daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Daýanç Saparow gürrüň berýär.