Ýurdumyzyň kärendeçi daýhanlary, daýhan hojalyklary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky «Ykbal açary» daýhan hojalygyny görkezmek bolar. Bu daýhan hojalygy gowaça ekilen 200 gektar ýerden «ak altynyň» 436 tonnasyny Watan harmanyna tabşyryp, ýyllyk meýilnamany artygy bilen berjaý etdi. Tabşyrylan şonça hasylyň 146 tonnasy el güýji, galan 290 tonnasy pagta ýygyjy kombaýnyň kömegi bilen ýygyldy. Daýhan hojalygynyň agzybir agzalary atyzlardaky galan pagtanyň ýekeje hanasyny-da zaýa etmezden ýygnap almak boýunça işleri dowam etdirýärler. Gazanylan bu üstünlik daýhan hojalygynyň barha golaýlaşýan Hasyl toýuna we baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramyna zähmet sowgady boldy.
Похожие записи '
12 Мар
23-nji martda gowaça ekişine girişiler
Şu ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanda pagta ekişine badalga berler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we...
11 Мар
Weterinar lukmançylygy ulgamynda sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti
Tehnologiýanyň hem-de sanly ulgamyň giňden ýaýbaňlaşdyrylmagy lukmançylyk pudagyna hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär....
08 Мар
Pagtaçylyk işjeň ösdürilýär
Ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän...
03 Мар
Türkmen hususyýetçileri 10 müň tonnadan gowrak pomidor eksport etdi
Türkmenistanda oba-hojalyk ekinlerini ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary...