Ýurduň demirgazygynda milli ykdysadyýetimiz üçin strategiki çyg mal hasaplanýan oba hojalyk önümlerini ekmegiň depgini barha güýjeýär. Ýerli howa şertleri boýunça ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ekişiň bu ýerde giç başlanýandygyna garamazdan Daşoguz welaýatyň daýhanlary möwsümi öz wagtynda tamamlamagy maksat edinýärler. Welaýat boýunça pagtany köp öndürýän S.Türkmenbaşy etrabynda gowaça ekmek üçin bölünip berilen 32 müň 100 gektaryň eýýam 16 müň gektarynda topraga tohum taşlandy. S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň “ak altyn” alynýan 21 müň gektar meýdanynda eýýam ýarsynda ekiş işleri tamamlandy.
Agrotehniki çäreleriň wagtynda geçirilmegi, ähli gulluklaryň özara sazlaşykly işlemekligi we häzirkizaman oba hojalyk tehnikasynyň kuwwady bu agrotehniki çäreleriň wagtynda geçirilmegine mümkinçilik döredýär. Meselem, sebitde döredilen ekiş toparlarynyň iki müňden gowrak traktorlar we oba hojalyk obzallaryň köp mukdary berkidildi. Şolaryň uly bölegini geçen ýylda Daşoguz welaýatyna gelip gowşan ýokary öndürjilikli “John Deere” ksymly traktorlar, “Monesem” kompanýasynyň tohum taşlaýjy tehnikalary düzýär.
Şu ýyl demirgazyk welaýatda jemi 155 müň gektar gowaça ekilmeli bu meýdanlarda ekmek üçin ýerli howa şerletine we topraga uýgunlaşan orta süýümli “Daşoguz-120”, “Daşoguz-144”, “Gubadag-3”, “S-4727”, “Jeýhun” we “149F” pagta sortlary saýlandy.
Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda-da gowaça ekişi ýokary depginde barýar. Bu ýerde häzirki wagtda eýýam jemi 75 müňden gowrak ýerde pagta ekildi.