Daşoguz welaýatyň çägindäki öňdebaryjy çörek kärhanasy barada

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Lomaý bölek-söwda nokadynyň çörek bişirilýän bölüminde öndürilýän çöreklere halkymyzyň arasynda uly isleg bildirilýär. Kärhananda, esasan, çöregiň birnäçe görnüşi öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän çörekler hiliniň gowulygy bilen tapawutlanýarlar.
Kärhananyň işçi-hünärmenleri ilatyň gündelik isleg bildirýän azyk önümleri bilen üpjünçiligini ýokary derejede saklamak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Şeýle bolansoň, kärhanada oňyn zähmet netijeleri gazanylýar. Şu ýylyň  başyndan bäri hem kärhananyň işçileri özleriniň ýokary önümçilik depginini saklamagy başardylar. Has takyk aýdylanda, geçen aýlarda kärhanada çörek önümleriniň 50 müňden gowrak tonnasy öndürilip, ilata ýetirildi. Bu netije şu döwür üçin meýilnamada göz öňünde tutulandakydan ep-esli ýokary boldy.
Kärhanada çörek bişirmegiň abyny-tabyny kemsiz ele alan, bu ugurda baý iş tejribesi bolan işgärleriň ençemesi zähmet çekýär. Läle Gurbanbaýewa, Çemen Pirjanowa, Aýgül Haýydowa ýaly işçiler bişirilýän önümleriň ýokary hilli, alyjylaryň talabyny ödeýän çörekler bolmagy ugrynda yhlasly zähmet çekýärler.
Bişirilýän çörekleriň ýokary hilli bolmagy-kärhanamyzyň baş maksady. Kärhanamyzda bişirilýän çörekler tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Ilaty gyzgyn çörekler bilen gündelik üpjün etmek, biziň paýymyza düşýär-diýip, çörek bişirilýän bölümiň ýolbaşçysy Jeren Saparowa buýsanç bilen gürrüň berýär

Автор записи: admin