Şypahananyň döwrebap lukmançylyk we sagaldyş hyzmatlary
parafin, ozokerit we palçyk (fangoterapiýa) bilen bejeriş
fiziobejerişler;
magnit, lazer, ultra ýokary tolkunly tok bilen bejeriş;
elektrofarez we wakuum bilen bejeriş;
ultrases bilen bejeriş;
infragyzyl şöhle bilen bejeriş;
bedeni we ýüzi ýörite enjam bilen owkalama;
sowuk howa akymy (krioterapiýa) bilen bejeriş;
duzly we mineral howadan dem almak arkaly bejeriş (galoterapiýa);
ozon bilen bejeriş (ozonoterapiýa);
hoşboý yslar bilen bejeriş (aromaterapiýa);
basyş bilen bejeriş (pressoterapiýa);
iňňe bilen bejeriş (iňňerefleksoterapiýa);
derman erginleriniň bugy (ingalýasiýa) bilen bejeriş;
oňurga çekiji enjamlar bilen bejerişler;
SPA kapsula;
bejeriş bedenterbiýesi;
suwasty oňurga çekiş;
suw bilen bejeriş.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzyň şypahana ulgamy ägirt uly özgertmeleri başdan geçirýär. Ýurdumyzda döwrebap şypahanalaryň gurluşygyna hem-de öňden bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» tassyklanylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Howasy tenekar, ösümlikleri melhem güneşli Diýarymyzyň şypahana we sagaldyş ulgamy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürilip, bu gün ilatymyza ýokary derejede lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda hem ýurdumyzyň halkara derejeli şypahanalar merkezi hökmündäki ägirt uly mümkinçilikleri we geljekki ugurlary beýan edilýär. Bu kitapda keramatly türkmen topragynyň melhemlik häsiýetli ösümlikleriniň, seleň sährasynyň we jana tenekar howasynyň müň bir derde dermandygy hakynda giňişleýin gürrüň edilýär. Gözel Diýarymyzyň «Arçman», «Mollagara», «Ýyly suw», «Berzeňňi», «Farap» we «Baýramaly» ýaly şypahanalary diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem bütin dünýäde meşhurdyr.
Daşoguz welaýatynyň «Daşoguz» şypahanasy hem indi köp ýyllardan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. «Daşoguz» şypahanasynyň täze binasy 2014-nji ýylda ulanylmaga berildi. Ol häzirki zamanyň ýokary tilsimatly lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilip, raýatlarymyza halkara ülňülere laýyk gelýän sagaldyş hyzmatlaryny hödürleýär. Şypahananyň täze binasy 3 gatdan ybarat bolup, birinji gatynda bejeriş, anyklaýyş, suw bilen bejeriş, dolandyryş bölümleri, 200 orunlyk naharhana, dermanhana we dükan ýerleşýär. Binanyň ikinji, üçünji gatlarynda ýerleşýän bir we iki adama niýetlenen, şeýle hem lýuks derejeli ýatymlaýyn otaglarda raýatlarymyzyň rahat dynç almaklary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulandyr.
«Daşoguz» şypahanasynyň tebigy suwunyň çeşmesi 1978-nji ýylda Günorta Garagum gidrogeologik ekspedisiýasynyň topary tarapyndan buraw işleri geçirilende ýüze çykarylýar. Çeşmäniň suw ýatagynyň çuňlugy 1200 metre deň bolup, tebigy bejeriş häsiýetli ýod-bromly mineral suw sorujylar arkaly alynýar. Onuň gyzgynlygy 54 derejä, akyş tizligi sekuntda 5 litre barabardyr. Bu tebigy suwuň düzüminde 30-a golaý peýdaly elementler bar. Şypahananyň tebigy mineral suwy daýanç-hereket ediş synalarynyň kesellerini, ýagny artrozy, artriti, poliartriti, bogunlaryň demofirlenen osteoartrozyny, şikesden soňky bogunlaryň artritini we artrozyny, çetki nerw ulgamynyň kesellerini, ýagny osteohondrozy, radikuliti, polinewropatiýany, mononewropatiýany, peşew çykaryş we jyns agzalarynyň kesellerini, deri kesellerini, endokrin ulgamynyň kesellerini bejermekde giňden ulanylýar. Melhem suwuň minerallaşmasynyň ýokarydygy sebäpli, içimlik görnüşinde peýdalanmaga ýaramly däldir. Şol sebäpden hem ony wanna ýa-da duş görnüşinde adaty süýji suw bilen garyp ulanmak maslahat berilýär.
Galoterapiýa bejergisinde ionlaşdyrylan duzly we mineral howanyň dem alyş ýollaryndaky gakylyk erediji we çykaryjy täsirleri arkaly bedeniň kislorod bilen baýlaşmagy üpjün edilýär. Ozonoterapiýa bejergisi dem alyş, gan-damar, merkezi we çetki nerw, endokrin ulgamlarynyň kesellerinde, ýokanç kesellerden soňky ýagdaýlarda giňden ulanylýar. Aromaterapiýa bejergisi dürli dermanlyk ösümlikleriň üstünden geçirilýän gyzgynlygy 45 derejeli bug arkaly adamyň deri öýjüklerine fitobejeriji maddalaryň siňdirilmegi arkaly amala aşyrylýar. Bu usul bilen dürli keselleri bejermek ýurdumyzda ilkinji gezek «Daşoguz» şypahanasynda ulanylyp başlandy. «Akwamassaž» enjamlary dürli basyşly we tizlikli suw akymlary, çüwdürimleri arkaly suw bilen owkalama emini ýerine ýetirmäge ýardam berýär. Bu amallar ýürek-damar, nerw, endokrin, peşew çykaryş, ginekologik, proktologik, daýanç-hereket ulgamynyň, deri keselleriniň bejerilmeginde giňden ulanylýar.
Häzirki zamanyň kämil lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan şypahananyň bejeriş-anyklaýyş bölümleri we otaglary öz işine ussat lukmanlaryň raýatlarymyza ýokary hilli şypahana hyzmatlaryny hödürlemekleri üçin ähli oňaýly şertleri we mümkinçilikleri döredýär. Saglygyny dikeldýän we dynç alýan raýatlarymyz şypahana hyzmatlarynyň ýokary hil derejesinden we elýeterliliginden hoşal bolýarlar.