«DAŞOGUZ» ŞYPAHANASY — HALKYŇ HYZMATYNDA

Howasy tenekar, ot-çöpi melhem gözel Diýarymyz şypahanalara, dynç alyş merkezlerine baý ülkedir. Ýurdumyzyň her bir künjeginiň ynsan saglygyna ýaramly täsir edýän tebigat gurşawynyň bardygy hakynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan melhemler mekany» atly kitabynda hem giňişleýin beýan edilýär. Ýurdumyzyň jana şypaly, goýny sapaly döwrebap şypahanalary tomusky dynç alyş möwsüminde has-da gelim-gidimli bolýar.
«Daşoguz» şypahanasynda hem häzirki günlerde tomusky dynç alyş möwsüminde raýatlary kabul etmäge güýçli depginde taýýarlyk görülýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur alynýar.
Şypahanada saglygyny dikeltmek isleýän raýatlaryň pasportynyň, ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden berilýän şypahana kartasynyň, COVID-19-a garşy sanjym alandygy barada kepilnamanyň hem-de test barlagyndan geçendigini görkezýän resminamasynyň bolmagy zerurdyr.
Şypahanada dynç alýan we saglygyny berkidýän raýatlaryň bedeniniň gyzgynyna yzygiderli gözegçilik etmek üçin ähli zerur çäreler görüldi. Naharhanalarda we aşhanalarda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine, azyk önümleriň kada laýyk saklanylmagyna gözegçilik etmek üçin ähli zerur çäreler görüldi. Şypahananyň çägindäki howuzlaryň sanitariýa-epidemiologik ýagdaýy hem ünsden düşürilmez.
Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary tarapyndan kabul edilen çözgütlere laýyklykda, «Daşoguz» şypahanasynda bagtyýar raýatlarymyzyň rahat dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär.

Автор записи: admin