Daşary ýurtlarda okan Türkmenistanyň raýatlarynyň iş bilen üpjünçiligi

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärler boýunça daşary ýurtlarda okan Türkmenistanyň raýatlaryny iş bilen üpjün etmek, olaryň Sargytçy edara bilen  baglaşylýan şertnama laýyklykda düzgünleşdirilýär. Okuwyny tamamlap gelen we bilimi baradaky resminamasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ykrar edilen, Sargytçy tarapyndan iş bilen üpjün edilmedik raýatlaryň işe ýerleşmeklerine Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, onuň garamagyndaky zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda bar bolan boş iş orunlaryna laýyklykda ýardam berýärler diýlip Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 98-Ö belgili buýrugy bilen kabul edilen “Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärmenleriň ugurlaryny (hünärlerini) kesgitlemegiň tertibini tassyklamak barada” Tertipde aýdylýar. Hormatly Okyjylarymyz, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan2020-nji ýylyň 09-njy oktýabrynda 1392 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan bu Tertibi Size ýetirýäris.  

Автор записи: admin