BAKY BAGTYŇ ŞÄHERI

Taryhy çeşmelere laýyklykda, paýtagt şäherimiz Aşgabat 1881-nji ýylda şol wagtky Aşgabat diýen obanyň ýerine harby berkitme hökmünde gurlup başlanýar. Goňşy obanyň we gadymy Aşgabat galasynyň ady bilen bu harby berkitme hem Aşgabat diýlip atlandyrylypdyr. 1882-nji ýylda resmi iş kagyzlarynda ilkinji gezek «Aşgabat şäheri» diýen at peýda bolýar. Özüniň 140 ýyllyk taryhynyň gözbaşynda bary-ýogy 800 öýli […]

Baky bitewüligiň sarsmaz binýady

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda toýdan-toýa barýan merdana türkmen halkymyz bu gün goşa mukaddesligiň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryny uludan tutýar. Bu şanly sene iki mukaddesligiň baýramynyň bir günde bellenip geçilýändigi üçin taryhy ähmiýetlidir. Sebäbi Konstitusiýamyz halkymyzyň azatlygyny, özygtyýarlylygyny, erkinligini, zähmet hem durmuş goraglylygyny kepillendirse, […]

Ak öýüň ak binasy

Daşoguz welaýat merkeziniň görnükli künjeginde, «Daşoguz» myhmanhanasynyň garşysynda bu binanyň gurluşyk işleri alnyp barylýan, jemi 10,85 gektar meýdany eýeleýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň gurluşygyny «Röwşen» hususy kärhanasy alyp barýar. Häzirki günlerde binanyň gurluşygy giň gerimde, toplumlaýyn dowam etdirilip, bellenen meýilnamanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Desganyň daşky görnüşinde türkmen halkynyň milli binagärlik aýratynlyklary göz öňünde tutulypdyr. […]

Aşyklaryň şäheri, aziýanyň merjeni

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda dowam edýän şu ýylymyzyň her bir geçen güni bizi ak mermer paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senelerine barha golaýlaşdyrýar. Bu goşa baýramçylygy mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy almak höwesi dürli pudaklarda ruhubelent zähmet çekýän her bir türkmenistanlynyň köňül küýsegine hem-de baş maksadyna […]

Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar

Aşgabadyň günorta böleginde dikilen, beýikligi 133 metre barabar bolan Baýdak sütüni 2008-nji ýylyň iýunynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onda parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ululygy 52,5 x 35 metre we agramy 420 kilograma barabardyr. 2010-njy ýylda paýtagtymyz jemgyýetçilik ýerinde iň köp mukdardaky suw çüwdürimleriniň bitewi topluma birleşdirilen şäheri hökmünde ykrar edildi. Halkara howa menziline barýan ýoluň […]

Şan şöhratly bedewim

Aşgabatda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk, aragatnaşyk saklamaga isleg bildirýänleriň sanynyň-da barha artýandygyny ýatlamak ýakymlydyr. Munuň özi bu Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dünýä ýüzünde abraýynyň, şan-şöhratynyň barha artýandygynyň alamatydyr. Häzir ýurdumyzda dünýä derejelerine laýyk gelýän atçylyk-sport toplumlary gurlup, ol welaýatlarymyzyň iň bir buýsançly ýerleriniň birine öwrüldi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde bina […]

Daşoguz welaýatyň çägindäki öňdebaryjy çörek kärhanasy barada

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Lomaý bölek-söwda nokadynyň çörek bişirilýän bölüminde öndürilýän çöreklere halkymyzyň arasynda uly isleg bildirilýär. Kärhananda, esasan, çöregiň birnäçe görnüşi öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän çörekler hiliniň gowulygy bilen tapawutlanýarlar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri ilatyň gündelik isleg bildirýän azyk önümleri bilen üpjünçiligini ýokary derejede saklamak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Şeýle bolansoň, kärhanada oňyn zähmet netijeleri gazanylýar. […]

Watana söýgi-mukaddes duýgy

Parzdyr ata ýurdy ýürekden söýmek, Ony şirin janyňdan-da eý görmek Ynsanlyk borjumyz her birimiziň Watan gullugynda esger deý durmak. “Atany söýenler Watany söýer”, Bu – hak söz, bar munda ullakan many, Bu toprak pederleň goran topragy, Oňa atalaryň siňendir gany. Onsoň neneň ony jandan söýmejek, Neneň goramarsyň ony döş gerip?! Guýmaly biz muny çagaň aňyna, […]

Ýurdumyzda ilkinji sapar geçirilen alabaý itleriniň mejlisi barada

21.04.2021ý. güni Türkmen Alabaý itleriniň Assosiasiýasynyň birinji mejlisi bolup geçdi. Onda Türkmen Alabaý itleriniň Assosiasynyň ýolbaşçysy S.G.Berdimuhammedow gatnaşdy we çykyş etdi. Oňa Assosasiýanyň welaýatdaky wekilleri we dünýäde itçilik bilen meşgullanýan dürli döwletleriň wekilleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Itçilik bilen meşgullanýan we tapawutlanýan adamlaryň birnäçesine Hormatly Prezidentimiziň karary esasynda “Türkmenistanyň at gazanan itşinasy” diýen we “Türkmenistanyň at […]

Toýlar toýa ulaşýar

Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde toýlarymyz toýa ulaşýar. Şu ýyl mermer paýtagtymyz gözel Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy dabaraly belleniler. Muňa häzirden uly taýýarlyk görülýär. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda ýurdumyzda ýylyň ýylyna her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň baýramyny Türkmen alabaýynyň […]