GYZYM BAR, GYZYL GÜLÜM BAR

Kerwen agadyr Gyrmyzy gelnejäniň işigine üçünji sapar gyz idelip gelindi. Göräýmäge, sypaýy, epeý, salyhatly görünýän sawçylar, turuwbaşdan, gyz berilmese, elini çekjek däldiklerini duýdurjak bolýana çalymdaş, özleriniň sylanýan ýerdendiklerini öwran-öwran nygtadylar. Öý eýeleri soraşyp-ideşjekdiklerini aýdyp, olary zordan ugratdylar. Gyzlaryndan rugsat sorara salym geçirmän, ýene-de üstüni basdylar. Gyrmyzy gelneje adamsynyň ýüzüne seretse, olam haýran bolup, aýalynyň ýüzüne […]

ÖSÜŞLERE BAÝDYR GÖZEL DIÝARYM

Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň Daşoguz şäher çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe hem-de Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanyp, «Ösüşlere baýdyr gözel Diýarym!» atly surat çekmek boýunça sergi bäsleşigi geçirildi. Sergide eziz Watanymyzyň ösüşlerini we Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran özgertmelerini, gözel tebigatymyzy, […]

Aşyklaryň şäheri, aziýanyň merjeni

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda dowam edýän şu ýylymyzyň her bir geçen güni bizi ak mermer paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senelerine barha golaýlaşdyrýar. Bu goşa baýramçylygy mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy almak höwesi dürli pudaklarda ruhubelent zähmet çekýän her bir türkmenistanlynyň köňül küýsegine hem-de baş maksadyna […]

Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar

Aşgabadyň günorta böleginde dikilen, beýikligi 133 metre barabar bolan Baýdak sütüni 2008-nji ýylyň iýunynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onda parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ululygy 52,5 x 35 metre we agramy 420 kilograma barabardyr. 2010-njy ýylda paýtagtymyz jemgyýetçilik ýerinde iň köp mukdardaky suw çüwdürimleriniň bitewi topluma birleşdirilen şäheri hökmünde ykrar edildi. Halkara howa menziline barýan ýoluň […]

Belentden ýaňlanan hoş owazlar

«Ýaňlan, Diýarym!» atly telebäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyry şäheriň Ýaşlar merkezinde guralyp, uly ruhy joşguna beslendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilmegi asylly däbe öwrülen aýdym-sazly, şowhunly bäsleşigiň şäher tapgyryna zehinli aýdymçylar gatnaşdylar. Olaryň ýerine ýetiren aýdymlarynda ýaşlyk joşguny, ýaş nesilleriň bagtyýar döwrümize bolan buýsanç duýgulary öz beýanyny tapdy. Daşoguz şäheriniň medeniýet merkeziniň […]

Ylham ýaýlasynyň bossany

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly seneleriniň giňden dabaralandyrylýan ajaýyp pursatlarynda hormatly Prezidentimiziň ýene-de bir täze — “Ak şäherim Aşgabat” atly eseri halkymyza gowuşdy. Toýlaryň-toýlara, baýramlaryň-baýramlara ulaşýan günlerinde bu ajaýyp kitap türkmen jemgyýeti üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylanyndan bäri başdan […]

Gahrymançylygyň hem watansöýüjiligiň nusgalyk mekdebi

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllyk şanly senesi Daşoguz welaýatynda giňden dabaralandyryldy. Şol gün agzybir ildeşlerimiz «Baky alaw» ýadygärligine ýygnandylar. Olaryň hatarynda ýaşuly hem ýaş nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary «Keçpelek» mukamynyň astynda «Baky alawyň» töweregine gül çemenlerini goýmaga ugur […]

Bagşyçylyk sungatynyň aýnasy

Bäş müň ýyllyk taryhy bolan halkymyz aýdym-saz sungatyna uly üns berip, arkama-arka dowam edip gelýän bagşyçylyk sungatymyzy has-da ösdürýär. Daşoguz welaýatynda hem özleriniň gaýtalanmajak ussatlyklary, başarnyklary, ýakymly owazy bilen halkyň sylag-hormatyna mynasyp bagşy-sazandalar ýaşapdyrlar. Geçmişde özboluşly yz galdyran bagşy-sazandalar baradaky maglumatlary, olaryň saz gurallaryny we geýimlerini, ses ýazgylaryny, suratlaryny ýygnap, halka ýetirmek maksady bilen, 1992-nji […]

«Şähribossan» — senasynda aýdym — dessan

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýymyz aýlardan nurana, ýylymyz ýyllardan ýalkymly gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp atlandyrylan üstümizdäki ýylda aýgytly ädimler, ynamly gadamlar bilen gelýän günleriň her biri, onuň her bir pursady tükenmez tarypa, kalbyňy keşdeläp çykýan owazly aýdymlara mynasyp. Egsilmez gujur-gaýrat, öň görülmedik ýokary ruhubelentlik bilen aýak basan […]

Ak şäherim abadanlyk mesgeni

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy gözel paýtagtymyzyň düýbüniň tutulmagynyň 140 ýyllyk senesi bilen gabat gelýär. Bu gabat gelme tötänden däldir. Halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran bu taryhy seneler biri-biri bilen umumy baglanyşyga eýedir. Ata Watanymyz Garaşsyzlygyna, özerkliligine eýe bolandan soň, pederlerimiziň milli ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny öňe sürdi. Hormatly […]