BALYKÇYLARYŇ AZYK BOLÇULYGYNA GOŞANDY

«Ak durna» hususy kärhanasynyň balyk awlaýjylary balyklary terligi bilen alyjylara ýetirmekde uly işleri alyp barýarlar. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bu düzüminiň motorly gaýyklar, balyk tutulýan torlar we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilen işgärleriniň tagallalary awlanylýan balyklaryň mukdaryny artdyrmaga ýardam edip, balykçylaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berdi. Balyk awlaýjylar häzirki wagtda Sarygamyş kölünden, ýakyndan bäri bolsa Aýböwür […]

Täze obalaryň döwrebap mümkinçilikleri

BMG-ä agza döwletleriň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin kabul eden şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny we ekologik durnuklylygyny üpjün etmek boýunça Durnukly ösüş maksatlaryny Türkmenistanda amala aşyrmakda zerur çäreler geçirilýär. Milli Liderimiziň sebitleýin syýasaty ýurduň durnukly ösüş ýörelgeleriniň wajyp ugry bolup çykyş edýär. Bu sebitleýin syýasat welaýatlary ösdürmekde oňyn şertleri döredýär. Ýurdumyzyň […]

Telekeçilik — zenanlaryň durmuşynda

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanynda Işewür zenanlar merkezi hereket edip, ol eli işli, ukyp-başarnykly zenanlara goldaw bermek, olaryň durmuşda mynasyp ornuny tapmagyna ýardam etmek maksadyny nazarlaýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek baradaky syýasy başlangyç zenanlaryň durmuşyna hem uly täsirini ýetirýär. Geçen ýylyň güýzünde Işewür zenanlar merkeziniň welaýatymyzda ýörite bölüminiň döredilmegi bilen, telekeçi zenanlaryň […]

ÖNÜMÇILIGIŇ ÝOKARY NETIJELERI

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Polimer önümleri» zawodynda önümçilik ulgamlarynyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berlip, sarp edijiler bilen baglaşylan şertnama esasynda polietilen we polipropilen turbalar öndürilýär. Zawodyň ýyllyk kuwwatlylygy 920 tonna önüm öndürmäge niýetlenip, bu ýerde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Zawodyň önümçilik ulgamynda oturdylan kämil enjamlar, senagat ulgamyny […]

BAKY BAGTYŇ ŞÄHERI

Taryhy çeşmelere laýyklykda, paýtagt şäherimiz Aşgabat 1881-nji ýylda şol wagtky Aşgabat diýen obanyň ýerine harby berkitme hökmünde gurlup başlanýar. Goňşy obanyň we gadymy Aşgabat galasynyň ady bilen bu harby berkitme hem Aşgabat diýlip atlandyrylypdyr. 1882-nji ýylda resmi iş kagyzlarynda ilkinji gezek «Aşgabat şäheri» diýen at peýda bolýar. Özüniň 140 ýyllyk taryhynyň gözbaşynda bary-ýogy 800 öýli […]

Ak öýüň ak binasy

Daşoguz welaýat merkeziniň görnükli künjeginde, «Daşoguz» myhmanhanasynyň garşysynda bu binanyň gurluşyk işleri alnyp barylýan, jemi 10,85 gektar meýdany eýeleýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň gurluşygyny «Röwşen» hususy kärhanasy alyp barýar. Häzirki günlerde binanyň gurluşygy giň gerimde, toplumlaýyn dowam etdirilip, bellenen meýilnamanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Desganyň daşky görnüşinde türkmen halkynyň milli binagärlik aýratynlyklary göz öňünde tutulypdyr. […]

Ak şäherim abadanlyk mesgeni

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy gözel paýtagtymyzyň düýbüniň tutulmagynyň 140 ýyllyk senesi bilen gabat gelýär. Bu gabat gelme tötänden däldir. Halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran bu taryhy seneler biri-biri bilen umumy baglanyşyga eýedir. Ata Watanymyz Garaşsyzlygyna, özerkliligine eýe bolandan soň, pederlerimiziň milli ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny öňe sürdi. Hormatly […]

“Senagatçylaryň we telekeçiligiň birleşmesi” hakynda Türkmenistanyň kanunynyň (rejelenen görnüşi) mazmunyny okuwçylara düşündirmegiň usullary

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly  Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap Watanmyzyň ynsanperwer-ykdysady özgertmeleriniň amala aşyrylmagyna, ylym, bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarylmagyna we ýurdumyzyň intellektual kuwatlylygynyň berkidilmegine, ilatyň bilim derejesiniň barha ýokarlandyrylmagyna hem-de ýaş nesliň mynasyp terbiýelenip ýetişdirilmegine gönükdirilendir. Senagatçylaryň we telekeçileriň, umuman, ýurdumyzyň ykdysady, medeni-durmuş ulgamlary ýokary […]

Giň gerimli gurluşyklar

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ösüşinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherinde ýerleşýän demir-beton önümleri kärhanasynyň möhüm orny bar. Soňky ýyllarda kärhana diňe bir jaý gurluşygy üçin zerur bolan demir-beton gurnamalaryny öndürmän, eýsem gurluşyk işlerini-de amala aşyrýar. Onuň hünärmenleri häzirki wagtda welaýat merkezinde kerpiçden we iri panelli köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda tutanýerlilik […]

Ýaşlar we milli terbiýe

Ata Watanymyzyň, bagtyýar raýatlarymyzyň geljeginiň has-da nurana bolmagy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň düýp özeninde adam hakyndaky alada esasy orny eýeleýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, olaryň milli ýörelgeler esasynda terbiýelenmegi we döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi, dürli […]