Oba özgertmeleri — ösüşlere badalga

Eziz Diýarymyzyň edermen daýhanlary Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň ussat pagtaçylary ýylyň-ýylyna uly üstünlikleri gazanýarlar. Olar bol hasyl almakda ata-babalarymyzdan miras galan baý tejribäni ylmyň soňky gazananlary bilen netijeli utgaşdyrýarlar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň kämil, öndürijilikli tehnikalarynyň döwlet tarapyndan yzygiderli satyn alynmagy, pagtaçylara tehniki hyzmatyň, döküniň, tohumyň, gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan […]

Zeýtun agajy — iň gadymy ösümlik

Nuh eýýamyndan gelýän bir rowaýat bar. Nuh pygamberiň döwründe görlüp-eşidilmedik ýagyş ýagyp, dünýäni suw-sil alypdyr. Nuh pygamber bu boljak hadysany öňünden bilip, adamzady halas etmek maksady bilen, biçak uly gämi ýasadyp adamlary, janly-jandarlary alyp, ýola rowana bolýar. Bularyň näçe ýol ýöräni belli däl. Gämi bir zada degip saklanýar. Şonda Nuh pygamber kapasanyň agzyny açýar-da, kepderini […]

Aralyk ekinleriň bereketli hasyly

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň daýhanlary şu ýyl bugdaýdan boşan ýerleriň 830 gektardan gowragyna aralyk däneli ekinleri ekdiler. Häzirki günlerde bugdaýyň yzyna ekilen ýerleriň 700 gektarynda mäşiň, 100 gektarynda künjiniň, 30 gektarynda noýbanyň bereketli hasyly kemala geldi. Bu babatda S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň daýhanlary guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Biz muňa golaýda daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynda […]

Meýdana görk berýän ak hanalar

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň daýhanlary bereketli topragyň 1260 gektar meýdanynda boý alýan gowaçalara ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk alyp barýarlar. Bu ýerdäki açylan pagta hanalaryny göreniňde, pagtaçylaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigine guwanýarsyň. Daýhan birleşiginde pagtaçy kärendeçileriň 823-si bolup, olar 18 sany topary düzýär. Kärendeçiler toparlarynyň ählisinde-de gowaçalar hatar gurap, toprakdan saýlanyp çykyp […]

Pomidoryň bol hasyly

Milli Liderimiz halkymyzy öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen, ekologiýa taýdan arassa gök-bakja önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek barada möhüm wezipeleri öňde goýýar. Olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak ugrunda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem derwaýys işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl etrap boýunça 60 gektar meýdanda pomidoryň bol hasylynyň kemala getirilmegi-de munuň şeýledigini tassyklaýar. Häzirki wagtda şol ýerlerde […]

Bugdaý ekişine taýýarlykly gelindi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň güýzünde S.A.Nyýazow adyndaky etrap boýunça 16 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin derwaýys çäreler öz wagtynda amala aşyryldy. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary abatlamakda edilen işler muňa mysal bolup biler. Çünki olaryň netijesinde häzirki wagta çenli kärhanada […]

Bereketli hasyl ugrunda

Şu günler ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýuna her bir adam özüniň uly zähmet üstünligi bilen barmagy baş maksat edinýär. Pagtaçy daýhanlarymyz hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dabaraly bellenilýän bu şanly baýramçylyga «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirmek üçin häzirki wagtda bol hasyl toplap başlan gowaçaly pellerde ertirden agşama çenli gaýratly zähmet […]

Gallaçylygyň gadymy kökleri

Ata-babalarymyz has irki döwürlerde bugdaý hasylyny ýygnamagyň we ony taýýar azyk önümi görnüşine getirmegiň ýönekeý, emma şol döwür üçin kämil usullaryny, zähmet gurallaryny oýlap tapypdyrlar. Şol gurallary, olary peýdalanmagyň usullaryny içgin öwrendigiňçe, halkymyzyň daýhançylyk tejribesiniň taryhy kökleriniň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyna düşünýärsiň. Bu hakykata, ýagny ata Watanymyzyň gallaçylygyň ösen merkezleriniň biridigine bütin dünýäde ykrar […]

Dänesi em — ýagy melhem

Bereketli topragymyzda jöwen, şaly, mäş ýaly däneli ekinleriň ençeme görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Hem azyklyk, hem dermanlyk ekin hökmünde giňden ýaýran däneli ekinleriň biri-de künjüdir. Dermanlyk hökmünde ulanylyp başlanan bu ösümlikden ýag alnyp, ol hojalykda giňden ulanylýar. Şeýle-de künji ýagynyň bejergi häsiýetinden peýdalanylyp gelinýär. Alym lukmanlaryň barlagnamalarynyň netijesinde künji dänesiniň düzüminde takmynan 27 göterim belok, 20 […]

Güjümli gürrüňler

Daşky gabarasy bilen türkmen gojasynyň telpegini ýatladyp ösýän güjüm agajy biziň ýurdumyzda, esasan hem, Diýarymyzyň demirgazyk etraplarynda köp ekilýän agaçlaryň biri. Gabarasynyň äpetligi, uzak ýaşaýandygy bilen tapawutlanýan güjüm agajy dogrusynda ilat arasynda täsin gürrüňler aýdylýar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, aslynda güjüm erenler bolupdyr. Bir gezegem kyrk sany erenler ýowuz ýagynyň gabawyna düşýär. Olar başyny gutarmak üçin […]