“Talyp karzy” mümkinçiligi

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär.  Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edilipdir.«Talyp karzy» Türkmenistanyň raýaty bolan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuwyň bahasyny tölemek üçin gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça berilýär. […]

I AÇYK HALKARA INTERNET BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnamagynda dünýäniň birnäçe döwletleriniň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ýokary tizlikli internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, uzak aralyk sanly ulgam arkaly Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I Açyk halkara internet bäsleşigi geçirildi. Dünýäniň […]

Halkyň köňül kelamy

Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Daşoguz welaýat häkimliginiň, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň, TAP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň, TKA-nyň Daoguz welaýat birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň guramagynda 2022-nji ýylyň — «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylyň şygarynyň mazmuny halk, Arkadag, zamana diýen üç mukaddesligiň güýjüne […]

Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap atly baslesigin jemi jemlendi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny dabaralandyrmak, şeýle hem pederlerimiziň şöhratly taryhy ýoluny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, gadymy gymmatlyklarymyzy, taryhy tapyndylary öwrenmek, muzeýleşdirmek işlerini kämilleşdirmek, özara tejribe alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde guramagynda döwlet muzeýleriniň arasynda yglan edilen «Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap» atly […]

HALKARA OLIMPIADALARYŇ ÝEŇIJILERI

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary ýakynda Azerbaýjan Respublikasynda 1-nji halkara Lutfi Zade we Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen 8-nji halkara geometriýa olimpiadalaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. 1-nji halkara Lutfi Zade olimpiadasynda Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän, ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Abdulla Abdullaýew kümüş medala, Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen 8-nji halkara […]

Sanly bilim — döwrüň talaby

«Ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil kemala gelýär. Bilşimiz ýaly, taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyz ylymdan üzňe ýaşamandyr. Biziň ýaşlarymyz bu gün pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Şonuň bilen birlikde, olar adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýärler» diýip, hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysadyýet […]

Hünär kämilligi ugrunda

Amala aşyrylýan oňyn bilim özgertmeleri ata Watanymyzyň öňe tarap okgunly ösmegine, durmuş-ykdysady taýdan täze belentliklere göterilmegine badalga berýär. Ýaş nesli ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, asylly milli ruhy-ahlak ýörelgelerimiziň esasynda halal, päk ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer ynsanlar edip terbiýelemekde ýurdumyzyň mugallymlary möhüm bilim-terbiýeçilik işlerini alyp barýarlar. Bilimiň we terbiýäniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk bolmagy üçin bolsa her bir […]

Bagtyýarlygyň çeper keşbi

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllyk toýy mynasybetli dabaraly çäreler Daşoguz  welaýatynda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Dürli ugurlara degişli geçirilýän sergiler, bäsleşikler, maslahatlar berkarar döwletimiziň belent derejesiniň taryhy we halkara ähmiýetini açyp görkezýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bitarap Watanyň ösüşleri» atly şygar bilen surat sergisi we bäsleşigi guraldy. Daşoguz […]

Toý ruhundaky bäsleşik

Ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmek, daşary ýurt dilleriniň we tebigy-takyk ugurly dersleriň çuňňur öwredilmegini gazanmak, kabul edilen Konsepsiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, welaýatyň ýöriteleşdirilen orta mekdeplerinde bilim alýan ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşi bilelikde 12 sany ugry öz içine alýan taslama-döredijilik […]

KÖŇÜLLERDE GUWANÇ, DILLERDE DESSAN

Biz öz gündelik işlerimizde, çagalar bilen alyp barýan köp görnüşli terbiýeçilik we öwredijilik häsiýetli çärelerimizde döwrümiziň wajyp wezipelerinden ugur alyp, Magtymguly Pyragynyň köňüllere guwanç, dillere dessan bolan eserlerine ýygy-ýygydan ýüzlenýäris. Çagalarda ata Watana, ene topraga söýgini, tebigata hem onuň çäksiz eşretlerine we gözelligine bolan mähribanlygy kemala getirmekde we ösdürmekde şahyryň köňüllere nagyş bolan goşgularynyň täsiri […]