Gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek maslahat berilýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy arkaly ýurdumyzyň raýatlaryny şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek babatda maslahat berýär. “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy öz müşderilerine bu barada SMS habarnamasyny iberdi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň habarnamasynda: “Hormatly adamlar! Saglygyňyzy berkitmek üçin agyz-burun örtügini dakynmak, köpçülik ýerde aralygy 2 […]

Ekologiýa abadançylygy — möhüm wezipe

Howasy jana melhem baý tebigatymyzyň gözelligi islendik pasylda-da özboluşly keşbe eýedir. Ýurdumyzda howanyň arassalygyny gorap saklamak, Ýer ýüzünde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek wezipelerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ugurda alyp barýan işleri bolsa dünýä nusgalykdyr. Ýakynda Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda (COP26) […]

SAGDYN BOLAÝYN DIÝSEŇIZ…

Ýiti respirator kesel tiz ýokaşýan kesel görnüşidir. Ol gürleşilende, üsgürilende, asgyrylanda bir adamdan beýleki adama howa-damja ýoly bilen geçip bilýär. Kesel birden bedeniň gyzgynynyň galmagy, üşütme bilen başlaýar. Şeýle bolanda ulular  işe ýa-da çagalar okuwa gatnamakdan saklanmalydyrlar, sebäbi olaryň keseli beýleki sagdyn adamlara ýaýratmaklary mümkin. Kesele üns berilmän, aýak üstünde geçirilende, ol öýken sowuklamasy, radikulitler, […]

Güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi

Däbe öwrülen sebit we il bähbitli işleri dowam etdirmek maksady bilen, geçen hepdäniň şenbe güni ýurdumyz boýunça güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi. Ählihalk bag ekmek dabarasy watandaşlarymyzyň joşgunly zähmet baýramçylygyna, türkmen halkynyň ruhubelentliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bag ekmek dabarasy Daşoguz welaýatynda hem ýokary işjeňlik häsiýetine eýe boldy. Ir bilen welaýat we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, […]

Uly ýaşly adamlaryň iýmiti nähili bolmaly?

Ýyllaryň geçmegi bilen, adam garrap, beden synalarynyň gurbaty gaçyp başlaýar. Bu tebigy kanunalaýyklykdyr. Ýöne beden synalarynyň tiz garramagynyň öňüni alyp bolýandygy alymlar tarapyndan subut edilendir. Munuň üçin, ilki iş bilen dynç alşy gezekleşdirmegi başarmaly, hemişe hereketde bolmaly, ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli, iň esasy zat bolsa kadaly iýmitlenmegiň düzgünlerini bilmeli we olary […]

Gözel tebigatyň abadançylygynyň bähbidine

Halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmak we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmek, bu ugurda sebit we halkara derejede ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ata Watanymyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadyna öwrüldi. Häzirki wagtda döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde […]

«Daşoguz» şypahanasy — saglyk mesgeni

Şypahananyň döwrebap lukmançylyk we sagaldyş hyzmatlary parafin, ozokerit we palçyk (fangoterapiýa) bilen bejeriş fiziobejerişler; magnit, lazer, ultra ýokary tolkunly tok bilen bejeriş; elektrofarez we wakuum bilen bejeriş; ultrases bilen bejeriş; infragyzyl şöhle bilen bejeriş; bedeni we ýüzi ýörite enjam bilen owkalama; sowuk howa akymy (krioterapiýa) bilen bejeriş; duzly we mineral howadan dem almak arkaly bejeriş […]

Ynsan saglygy hakdaky alada

Ýurdumyzyň çar künjünde gurlup, ulanylmaga berilýän saglyk maksatly binalar häzirki döwrüň ösen derejesine kybap gelýär we dünýä lukmançylygynyň gazananlaryna laýyk kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde uly mümkinçilikleri döredýär. Ynsan saglygyny goramakda we dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler özüniň oňyn netijelerini […]

Limon — saglyga peýdaly miwe

Limon ynsan bedenini zerur peýdaly maddalar, witaminler bilen üpjün etmekde, saglygymyzy berkitmekde giňden peýdalanylýan miweleriň biridir. Onuň düzümindäki flawonoidler, C witamini we pektin ýaly peýdaly maddalar ýokary gan basyşyny kadalaşdyrmakda we ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda örän peýdalydyr. Kähalatlarda adamda ýokary gan basyşynyň çynlakaý alamatlary ýüze çykmaýar. Şeýle halatlarda arteriýanyň diwarlaryna güýçli zeper ýetmeginiň netijesinde, ýürekde […]

«SAGLYK» DÖWLET MAKSATNAMASY ROWAÇLANÝAR

Geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XII jildiniň bagtyýar halkymyza gowuşmagy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp sowgat boldy. Diýarymyzyň baý ösümlik dünýäsi, halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgeleri bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen täze ylmy iş soňky ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzyň lukmanlary we derman senagatynyň işgärleri üçin däl, eýsem, […]