ÇARWALARDA BAGGOÝNUŇ BAKYLYŞY

Baggoýun barada gürrüň çykanda, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän Bötendagyň çarwa obasynyň ýaşaýjysy, 91 ýaşly Abdy aga şeýle gürrüň berdi:
— Meniň ömrüm şu Hydyr gezen sährada geçdi. Biz gyşyn-ýazyn gara öýde ýaşardyk. Döwletiň düýelerini idederdik. Güýz aýlarynyň ortalarynda gyşlamak üçin Bötendagyň demirgazygyndan geçen gadymy Amyderýanyň gury hanasynyň ugruna göçüp gelerdik. Iki tarapy otuz-kyrk metr töweregi ýylçyr gaýa bolansoň, çapgyn aýazly günler hem şemalyň nireden ösýändigini bilip bolmazdy. Hersinden düýe asybermeli sazaklar gür tokaýy emele getirip, mal-garalara pena bolardy. Gyşlajak ýerimizde öýlerimizi dikip, daşyna bir metr töweregi galyňlykda erkek selin basyp, üstüni toprak bilen gömerdik. Öýüň içine ojakbaşy düşelip, onuň üstünden keçeler ýazylardy. Ojagynda ojar, sazak galanan öý gor ýaly bolardy. Şol döwürde çarwalar baggoýun bakmak üçin öýleriň bäş-alty ädim gapdalynda bir metr töweregi çukur gazyp, üstüni eşekarka edip, sazakdyr gandym bilen basyrardylar. Üsti hem gamyşdyr selin bilen örtülerdi. Onuň üstüne ýene-de sazak şahalary atylardy. Kiçiräk ýerkümede bolsa iki, ulurajygynda bolsa dört-bäş goýun baga bakylardy. Baga bakmak diýmek janlynyň boýnuna jykyryk (agaç nurbat) dakylyp, bir metr töweregi ýüp bilen ýerkümäniň bir burçuna daňmak diýmekdir. Sebäbi, goýun maly bir duran ýerinde dursa tiz semregiç bolýar. Giň ýatakda iki ýana ýöräp gezýän goýunlaryň semremegi kyn bolýar.
Baggoýunlar güýzüň ortalarynda sürä goç goýberilmänkä bakyljak ýerine getirilerdi. Baggoýunlaryň esasy iýmiti gara selini tirt edip, üstüne kepek goşulyp taýýarlanardy. Onsoň hem baga bakylan goýunlaryň gumalaklary doňmaly däl, üstlerine gyraw düşmeli däldir. Onuň ýatjak ýeri arassa we ýumşak bolmaly. Ot-iýmini-de belli bir wagtda bermegi endik etmeli.
Baggoýunlar bahar aýyna çenli bakylýar. Ol döwürler baggoýunlar oturylýan ak öýleriň kybla tarapyndaky böwründe tärime daňylyp, aşagyna ürgün çäge düşelip hem bakylar eken. Her ýyl ejem baggoýunlaryň birini öýüň içine daňyp, onuň iým-suwuny hut özi bererdi. Iýmçi goýun ejem daşary çyksa mälemäge başlardy. «Birahat goýun aňsat semremez» diýip, ejem daşary çykanda güpjegiň üstüne çabydyny ýa çargadyny atardy.
Maksadyna ýetirilip bakylan janly semizliginiň derdinden ýerinden turup bilmezdi. Ol turjak wagty guýrugyndan göterip kömek edilerdi. Goýun maly aşa semrese boýny göwresiniň içine girip gider eken.
Gyşyn-ýazyn çarwalaryň sanajy kakmaçsyz, täriminiň başy garna salnan gara gowurdaksyz bolmazdy. Golçalarynda goýnuň eredilen guýruk ýagy dolar durardy.
Tomus, güýz aýlary goýun sürüden alyp öldürilende hem baggoýundan kem bolmaýar. Ýöne gyşyna we alabahar wagtlary goýun malynyň etini, ýagyny çekýänligi sebäpli, bu döwürler sürüden alnyp janly öldürilmezdi.

Автор записи: admin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован.