Aslynda, her maşgalanyň, her bir ene-atanyň özüne mahsus terbiýeçilik usuly bolýar. Maşgala däpleriniň agzybirligi saklamakdaky ähmiýeti bimöçberdir. Çaga terbiýesini heniz olar kiçi ýaşlaryndaka ýola goýmagymyz gerek. Adam islendik ýaşda bolsa-da, hemişe yssy mähre mätäç. Heniz körpeligine garamazdan, her bir çaga aýratyn bir şahsyýetdir. Şol şahsyýeti terbiýelemekde ene-atanyň öňünde uly borçlaryň durýandygyny unutmaly däldiris. Her bir ata-ene öz perzendiniň çagalygynyň ýakymly pursatlar bilen bezelmegine jogapkärdir.
Ylmy-barlag işleriniň netijelerine görä, köp maşgalada çagalar öňden gelýän däpler we usullar boýunça terbiýelenýär. Halkymyz gadymyýetden bäri hemişe çaga terbiýesine aýratyn üns beripdir. Döwür üýtgeýär, durmuş ösýär, çagany hem öz ýaşaýan döwrüne görä terbiýelemek dogrudyr. «Gorkut ata» şadessanynda «Ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz, gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz» diýip, ýerlikli bellenip geçilýär. Pähimdar Döwletmämmet Azady çaga terbiýesi barada gaty jaýdar aýdypdyr. Onuň ýanyna çagalaryny eltip: «Şu çaga edep bilen bilim beräýseňiz!» diýenlerinde: «Bilim bereýin, bu bilim almak ýaşyna ýetipdir. Edep meselesinde gijä galypsyňyz, sebäbi çaga edep bermek has ir, ýagny çaga göwrede galan gününden başlanýar» diýer eken. Her bir ynsanyň kämilligi maşgala ojagyndaky terbiýeden başlanýar. Terbiýe meselesinde her bir çaga onuň özüne mahsus bolan aýratynlyklaryna, häsiýetine görä çemeleşmek zerurdyr.
Çaga bir ösümlik mysaly, ony nähili ýetişdirseň, şoňa görä-de gül açar. Çagalar geljegimiziň gülüdir. Çagalar bilen mylaýym gürleşmelidir, olary çakdanaşa berk tutup, gahar bilen darasaň, hemişe şeýle bolmalydyr diýip pikir edýärler. Netijede, çagalar gaharlanmasaň diýeniňi etmän başlaýar.
Biz çagalarymyz bilen köpräk wagt geçirjek bolmaly. Olar bilen bilelikde kitap okamaly. Kitap okamak islendik ýaşda hem örän peýdaly pişe. Ýöne çagalara ene-ata tarapyndan okalyp berlen kitaplaryň lezzeti uzak ýyllaryň dowamynda saklanýar. Şeýle-de olaryň soraglaryny jogapsyz galdyrmaly däldir. Häzirki wagtda ösen jemgyýetiň özüne mahsus iş-aladalary ähli wagtymyzy eýeleýändigi sebäpli, çagalarymyzyň soraglaryny ýa-da haýsydyr bir mesele bilen ýüz tutan çagynda olary jogapsyz, ünssüz galdyrýarys. Bu bolsa nädogrudyr. Çagalarymyzy kämil şahsyýet edip ýetişdirmekde biz diňe şahsy bähbitlerimizi däl, eýsem döwletimiziň bähbidini hem göz öňünde tutmalydyrys.Çünki olar biziň ýagty ertirlerimiziň eýesidir.