Dürli fizioterapiýa enjamlary arkaly işlenilip çykarylýan ýylylygyň kömegi bilen köp keselleriň bejerilýändigi mälimdir. Häzirki wagtda ýylylyk çeşmesi hökmünde has mylaýym, ýakymly we netijeli tebigy serişdeler ulanylyp başlandy. Şolaryň arasynda asyrlarboýy ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan bejerişde peýdalanyp gelnen ürgün çäge hem bar.
Çägäniň iki sany bejerijilik häsiýeti bar. Birinjiden, çäge ýylylygy özüne çalt çekýär we ony daş-töwerekdäki beýleki zatlara geçirmeýär. Ikinjiden, ol yzgary güýçli sorujy (gigroskopik) häsiýete eýedir.
Çäge bilen bejeriş umumy we ýerli usullar arkaly amala aşyrylýar. Umumy bejerişde uzaboýuna ýatan adamyň bedeni tutuşlygyna gyzgyn çäge bilen örtülýär. Çäge «ýorganynyň» galyňlygy 5-6 santimetre barabar bolýar. Eller we aýaklar has çuň, 10 — 12 santimetr çuňluga gömülýär. Ýüregiň töweregi we garyn açyk galdyrylýar. Kellä başgap geýmek ýa-da ýaglyk daňmak maslahat berilýär. Çäge endamda burçaklap ugran deri dessine sorup alýar. Hut şoňa görä-de, ol bedeni aşa köp gyzdyrmaýar, derini ýakmaýar.
Ýyly ürgün çägäniň endama ýakymly täsirinden 30 minutlap lezzet almak ýeterlikdir. Şondan soň ýyly suwa ýuwnup, ýarym sagat dynç almaly. Çäge wannalarynyň kömegi bilen nerw ulgamynyň kesellerini, artritleri, artrozlary, dürli gelip çykyşly miozitleri bejerip bolýar. Ginekologiýada ýatgynyň goşmaça ösüntgileriniň dowamly sowuklama kesellerinde, sepleşme (spaýka) bilen baglanyşykly näsazlyklarda çäge bilen bejeriş ulanylýar.
Çäge bilen bejeriş günde ýa-da günaşa gaýtalanyp, 7—20 gezek geçirilende oňat netije berýär. Şeýle bejerişi özbaşdak geçirmekçi bolsaňyz, ilki lukman bilen maslahatlaşyň! Ýylylyk bilen bejerişiň islendik görnüşinde bolşy ýaly, çäge bilen bejergi almagyň hem gadagan edilýän ýagdaýlary bar.
Bedende duýdansyz başlanan ýiti agyryny ýyladyjy çäge bilen köşeşdirjek bolmaly däl. Munuň beterleşmeleriň ýüze çykmagyna getirmegi mümkin. Ýokanç ýa-da çiş kesellerinden, ýatgynyň miomasyndan, fibroadenomatozdan (aýal kesellerinden), gipertoniýadan (gan basyşynyň ýokarlanmagy), epilepsiýadan (garaguş) ejir çekýän näsaglary çäge bilen bejermek howpludyr.