Buýan — dermanlyk ösümlik

Köpýyllyk ösümlik bolan buýanyň Türkmenistanda 4 görnüşi ösýär. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinde diýen ýaly duş gelmek bolýar. Buýanyň oňat ösen kökleri bolup, onda ýerasty pudaklar emele gelýär. Ol güýçli şahalanmaýar. Buýan köki süýji bolup, reňki açyk sarydyr. Çylşyrymly ýelek şekilli ýapraklary bolup, salkym görnüşli gülleri bolsa baldaklaryň ujunda ýerleşýär. Derman üçin buýanyň süýji köki ulanylýar. Ol bişen wagty gyzyl-goňur reňke geçýär. Buýan sözi grek sözi bolup, “süýji kök” diýmekdir. Lukman Hekim buýan köküniň dermanlyk ähmiýetine gaty uly baha beripdir. Oňa “altyn kök” ady berlip, bejerijilik häsiýetleri boýunça buýan köki “dirilik çeşmesi” hasaplanylýan ženşeniň deňinde goýlupdyr.
Buýan köküniň düzümi glýukoza, saharoza, askorbin turşusyna, pektin maddasyna we beýleki maddalara baýdyr. Buýanyň esasy aýratynlygy onuň köküniň düzüminde örän köp mukdarda glisirriziniň barlygydyr. Onuň gaýnatmasy kükregi ýumşadyjy we gakylyk gopduryjy derman serişdeleriniň biridir. Buýan kökünden taýýarlanylan goýy toşap allergiýa, demgysma kesellerini bejermekde giňden ulanylýan gymmat bahaly glisirrizin we gliserret turşularyny öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Buýan kökünden alynýan dermanlar süýji, guragyry kesellerini, inçekeseliň dürli görnüşlerini, çiş kesellerini bejermekde peýdalanylýar.
Soňky ýyllarda geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde, buýan köküniň we ondan taýýarlanýan dermanlyk serişdeleriniň adam bedenindäki madda çalşygyny kadalaşdyrmakda, beden zäherlenmesiniň öňüni almakda ähmiýetiniň uludygy subut edildi.

Автор записи: admin