Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Gubadag» daýhan birleşiginde şu möwsümde orak geçirilmeli 780 gektar meýdanyň häzire çenli 200 gektara golaýynda bu iş talabalaýyk amala aşyryldy. Şonda birleşigiň ezber kärendeçilerinden Ýusup Saparow, Soltanmyrat Hudaýbergenow we beýlekiler her gektardan 40-41 sentnerden hasyl ýygnamagy başardylar.
Häzirki wagtda birleşinde her günde 40 — 50 gektar meýdanda bugdaý oragy geçirilýär. Nesip bolsa, ýakyn günlerde bu görkeziji ýene-de artar. Şunlukda, kärendeçi daýhanlarymyzyň ýetişdiren bereketli bugdaý hasylyny gysga wagtyň dowamynda ýygnap, Watan harmanyna goşarys — diýip, daýhan birleşiginiň baş agronomy Hudaýberdi Ýegendurdyýew gürrüň berdi.