Bugdaý ekişine taýýarlykly gelindi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň güýzünde S.A.Nyýazow adyndaky etrap boýunça 16 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin derwaýys çäreler öz wagtynda amala aşyryldy. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary abatlamakda edilen işler muňa mysal bolup biler. Çünki olaryň netijesinde häzirki wagta çenli kärhanada bar bolan dürli kysymly traktorlaryň 49-sy, ekijileriň 11-si gözden geçirilip, ýetmezçilikleri düzedilip, doly taýýar ýagdaýynda hatarda goýuldy. Şonuň ýaly-da, kärhanada bugdaý ekişinde işlejek toparlar belli edilip, oba hojalyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň, çalgy ýaglarynyň, ýangyjyň ýeterlik gorlary döredildi. Munuň özi ekişiň bökdençsiz dowam etdirilmegine mümkinçilik berer.

Автор записи: admin