BSGG-niň başlygy: pandemiýany aradan aýyrmak üçin 3 çözgüt

BSGG-niň ýolbaşçysy soňky soňky 2 ýylyň hemmeler üçin örän çylşyrymly bolandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, Täze ýyl 3 çözgütden başlandygyny belläp, şulary mälim etdi.

  • 2022-nji ýylyň iýul aýyna çenli her ýurtda ilatyň70 göterimine sanjym geçirmek üçin hökümetler, COVID-19 waksinasyny öndürijiler hem-de hyzmatdaşlar bilen iş alyp barmaly, sebäbi sanjym işleri hemme ýerde deň derejede geçirilende, pandemiýany aradan aýryp bileris;
  • pandemiýa garşy göreşmek Ylalaşygy boýunça gepleşikleri dowam etdirip, saglygy goraýyş babatda ählumumy howpsuzlygy berkitmeli;
  • ähli ýurtlara ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegi ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam bermeli.

Gebreýesus şonuň üçin 2022-nji ýylda hyzmatdaşlygy mundan beýlek-de dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belläp, pandemiýany aradan aýyrmagyň hem-de jemgyýetlerimizi we ýurtlarymyzy hemmeler üçin has howpsuz, adalatly we sagdyn etmek ugrunda işleýändiklerini mälim etdi.

Автор записи: admin