Bossanlygyň nerkes gülleri

Dünýä paýhasyny, ylmyny özünde jemleýän kitap dünýädäki maddy baýlyklardan, altyn-kümüşden has ýokarda goýulýar. X asyrda ýaşap geçen beýik türkmen alymy Mahmyt Zamahşary ylym we kitap barada: «Kitap bossanlykdyr, hat onuň nerkes gülleridir», şeýle hem «Nirede gördüň, goltuga gysylyp göterilýän bossany ýa-da otaga öwrülen bag-bossanlygy?» diýmek bilen, oňa diýseň uly hormat goýupdyr. Onuň: «Asyrlaryň we şäherleriňarasyndaky tapawutlara garamazdan, kitap hemme ýerde bolandyr we hemme ýerde okalandyr» diýen sözleri hem adamzat taryhynda kitabyň gadyr-gymmatynyň ýokarydygyny subut edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle bellenýär: «Biziň halkymyza ylma yhlaslylyk we kitaplara bolan söýgi mydama mahsus bolupdyr. Halk nesilden-nesle geçip gelýän kitaplary gözüniň göreji ýaly gorap saklapdyr. Ata-babalarymyz hatda iň bir çykgynsyz ýagdaýlarda hem kitaplary iň bir gymmatly zat hökmünde arzylapdyrlar. Alymlar tarapyndan Köneürgenjiň XII asyryň ahyrlaryna degişli binalarynyň biri bolan Soltan Tekeşiň kümmetiniň gümmezleriniň arasynda gizlenip goýlan golýazma kitaplaryň hazynasynyň tapylmagy munuň aýdyň mysaly bolup biler. Kitap hazynasy bagjykly gaýyş gaplarda jiltlenendigi sebäpli zaýalanman saklanypdyr. Ol hazyna gadymy kitaplardan, şeýle-de haýsydyr bir başga kitaplaryň käbir sahypalaryndan durýar. Olaryň arasynda bir sahypalyk çeper surat has-da haýran galdyrýar, ol tegelek tumaryň merkezinde zenanyň keşbi şekillendirilen miniatýura eseridir. Onuň bezeginde beýleki reňkler bilen utgaşdyrylyp, tylla çaýylypdyr. Tapyndyny içgin öwrenen alymlaryň pikirine görä, bu Zodiagyň on iki nyşany şekillendirilen älemşynaslyk senenamasy bolmaly».
Bu ajaýyp kitabyň sahypalary bilen tanyş bolanyňda, türkmen halkynyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetine uly goşant goşandyna, onuň ylmyň we medeniýetiň gülläp ösen ýeri bolandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň.
Milli mirasymyzyň hazynalary bolan kitaplara sarpa goýmak, olary gorap saklamak, aýawly çemeleşmek her bir ynsanyň borjudyr. Çünki kitap ylmy, dost-doganlygy, jemgyýeti ösdürmekde, özgertmekde zerur bolan ruhy gymmatlykdyr.

Автор записи: admin