Suw — dirilik, suw — ýaşaýşyň möhüm şertleriniň biri. Şonuň üçin hem pähimdar ata-babalarymyz dirilik çeşmesi bolan bu gudrata bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk we mukaddeslik hökmünde garapdyrlar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde suwarymly ýerleri bol suw bilen üpjün etmek maksadynda welaýatyň suw hojalykçylary we suw gurluşykçylary tarapyndan giň gerimli işleriň durmuşa geçirilendigini bu günki gün buýsanç bilen aýtmak bolar. Welaýatymyzyň suw gurluşykçylary tarapyndan gurlan möhüm ähmiýetli suw desgalarynyň biri-de Garagum sährasynyň goýnundan ymgyr gum depeleriniň arasyndan geçip, günbatara uzaýan, bol suwly Türkmenderýanyň gurluşygydyr. Türkmenderýa barasynda kelam agyz aýdanymyzda, onuň gazylmagy welaýatyň Garagum çölüni etekläp oturan Görogly etrabyndan tä Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän Aýböwür giňişligine, taryhy Bötendag belentligine çenli uzaýan meýdanlary dirilik çeşmesi bolan bol hem bal suw bilen üpjün etmäge doly mümkinçilikleri döretdi. Türkmenderýanyň her damjasy tylla-zere deňelýän bol suwunyň, aýratyn-da, Ruhubelent etrabynyň obalarynyň gysga möhletlerde galkynmagynda hem-de täze binýat bolan şäherçäniň bagy-bossanlyga öwrülmeginde ähmiýeti diýseň uly boldy. Türkmen obasynyň häzirki zaman derejesini açyk-aýdyň görkezýän täze etrap oba hojalyk önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrýandygy bilen tapawutlanýar. Keramatly Was ýaýlasynda, gadymy Şasenem düzlüginde bagtyýarlyk eýýamymyzda ussat babadaýhanlarymyz tarapyndan ak bugdaýyň hem-de «ak altynyň» her ýylda bereketli hasyly öndürilýär. Munda welaýatyň oba we suw hojalyk ulgamyna degişli işgärleriniň hem öz saldamly paýy bar. Welaýatymyzda Türkmenderýadan başga-da, Hanýap, Was, Şabat, Gylyçbaý, Şasenem, Şamyrat, Monjukly, Çynakar, Bakyýap, Kyrkgyzoý ýap, Ýasawulbaşy, Maňňyrýap we Söwbetýap ýaly iri suwaryş akabalary bolup, hojalygara içerki ýaplar bilen alnanda olaryň umumy uzynlygy 15,5 müň kilometrden gowrakdyr. Şu ýylda, ýagny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolsa welaýatymyzyň oba we suw hojalyk pudagynyň işgärleriniň birleşen tagallalary netijesinde, şahsy hojalyklaryň mellek ýerleri bilen bir hatarda, dört ýüz müň gektara golaý ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçilik meselesi doly çözülip, häzirki wagtda olar tarapyndan, hormatly Prezidentimiziň sargytlaryna laýyklykda, suw serişdelerini tygşytly ulanmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi bagtyýarlyk döwrümiziň möhüm talaplarynyň biridir.
Похожие записи '
12 Мар
23-nji martda gowaça ekişine girişiler
Şu ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanda pagta ekişine badalga berler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we...
11 Мар
Weterinar lukmançylygy ulgamynda sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti
Tehnologiýanyň hem-de sanly ulgamyň giňden ýaýbaňlaşdyrylmagy lukmançylyk pudagyna hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär....
08 Мар
Pagtaçylyk işjeň ösdürilýär
Ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän...
03 Мар
Türkmen hususyýetçileri 10 müň tonnadan gowrak pomidor eksport etdi
Türkmenistanda oba-hojalyk ekinlerini ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary...