«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edildi.
Gojaman Jeýhun derýasy bilen bahry-Hazar aralygynda ýerleşýän ýurdumyzyň geosyýasy taýdan amatly ýagdaýda, ýagny Aziýa bilen Ýewropa yklymynyň çatrygynda ýerleşmegi döwletimiziň Gündogar bilen Günbataryň arasynda, şonuň ýaly-da Merkezi Aziýa sebitinde oňyn parahatçylyk söýüjilik syýasatyny alyp barmagyna giň mümkinçilikler döredýär. Şu nukdaýnazardan, 2007-nji ýylda paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, 2008-nji ýylda bolsa Ýewropa Bileleşiginiň «Ýewropa öýüniň» işe başlamagy Türkmenistanyň Prezidentiniň umumadamzat bähbidini araýan, dünýäde dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik we durnukly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alyp barýan oňyn syýasatynyň netijesidir.
«Bu gün türkmen Bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar. Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär» diýip belleýän milletiň Lideri ýylyň-ýylyna Merkezi Aziýa sebitinde, şeýle hem Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna beýik başlangyçlary öňe sürýär. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üstümizdäki ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegini görkezmek bolar.
Türkmenistan döwletimiz öz Bitaraplyk hukuk derejesiniň 26 ýyllyk toýuny toýlaýar. Türkmen Bitaraplygy pähimdar pederlerimiziň, dana ata-babalarymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy bolup, taryhda şöhratly sahypany açdy. Döwletimiziň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy onuň berkararlyk binýadyny has-da berkitdi.