Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe yurdumyzda erkana ýaşaýan halkymyzyň maddy hem-de ruhy dünýäsiniň, ösüşleriň, özgertmeleriň täze belentliklere göterilmegi has buýsançlydyr. Çünki halkymyzyz döwletimiziň bagytly geljeginiň ýalkymyndan nurlanyp, diýarymyzyň şöhratly üstünliklerinden ruhlanyp, Watanmyzyň bagta gujak açýan ak ýollaryndan şanly geljege tarap aýgytly gadamlar bilen ynamly öňe barýar.
ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, sosial binýadynyň ösmegi, ýurdumyzyň medeniýetde, saglykda, bilim ulgamynda ösmegine itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary bilen beýleki ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzda bilim ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Ýagny, “Türkmenistanyň bilim hakyndaky konsepsiýasyna” laýyklykda 2014-nji ýyldan başlap umumybilim berýan mekdepleriň möhletiniň on iki ýyllyk uzaldylmagy, 6-ýaşyny dolduran çagalaryň 1-nji synpa kabul edilmeginiň güýje girizilmegi, ilkinji gezek mekdebe gadam basan körpelere öwredijilik kompýuterleriň sowgat berilmegi, şeýle-de olaryň milli öwüşginli täze okuw kitaplary bilen üpjin edilmegi bilim ulgamyndaky özgertmeleriň mysaly bolup durýar. Munuň şeýle edilmegi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim we terbiýe almaklygyna gönükdirilendir.
Bu möhüm wezipäni durmuşda üstünlikli amala aşyrmak bolsa, ilkinji nobatda bilim işgärleriniň paýyna düşýär. Bu babatda “Mugallymlaryň döredijilikli zähmeti biziň ösüşlerimiziň gözbaşydyr” diýip nygtamak bilen mugallymlara uly ynam bildirýär.8
Hut şu pikirden ugur alyp mekdep mugallymlary her bir geçýän sapaklarynyň täsirli bolmagy üçin dürli usullardan peýdalanýarlar. Ýagny, açyk we göreldeli sapaklaryň yzygider guralmagy, her bir sapaklaryň multymediýa tagtalarda geçilmegi, welaýatymyzyň, etrabymyzyň, obalarmyzyň çäginde ýerleşýn taryhy ýadygärliklere gezelenç sapaklaryň guralmagy, dürli derejelerdäki baýramçylyk çäreleriň, ders hepdelikleriň guralmagy, mekdepiçeri, etrap, welaýat, döwlet derejelerinde guralýan ders basleşikleriniň ýokary derejede geçirilmegi, eziz Watanmyzy, diýarymyzyň gözel tebigatyny wasp edip çekilen suratlaryň sergisiniň guralmagy, okuwçylaryň öz elleri bilen ýasan önümleriniň sergisiniň guralmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.