Garaşsyz Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi döwlet maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine şert döredýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň netijesinde, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda uzak aralykdan bilim almagy, ylmy işleri, olimpiadalary, okuw kitaplaryny okatmagyň elektron serişdelerini, forumlary öz içine alýan sanly bilim portallary döredilýär. Şeýle hem daşary ýurtlaryň uniwersitetleri bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar. Ýurdumyzda bilim bermek işini täze basgançaga çykarmak babatynda abraýly halkara guramalar, iri ylym-bilim merkezleri bilen ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň netijesinde, dürli halkara maksatnamalaryň, giň gerimli taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda orta mekdeplere ilkinji gezek gadam basýan çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň gowşurylmagy ata Watanymyzyň aýdyň geljeginiň binýady bolan ýaş nesil hakyndaky aladanyň ünsden düşürilmeýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem ýurdumyzda ýokary kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, öňdebaryjy tejribäni, ýagny tutuş bilim ulgamynyň innowasion ösüşini ulanmak arkaly döwrebap bilim edaralaryny gurmaga aýratyn ähmiýet berilýär.