Şu günler ýurdumyzyň, şol sanda Daşoguz welaýatyň orta mekdepleriniň uçurymlary öz durmuşlarynda tolgundyryjy pursatlary başdan geçirýärler. Ýürekleri joşgunly, nurana geljege ynamly ýaşlar bellenen dersler boýunça gutardyş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, 11 ýyllap alan bilimleriniň netijelerini görkezýärler.
Hormatly Prezidentimiziň: «Bilim jemgyýetimiziň döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk esas bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usullary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin uly mümkinçilikler, şertler döredilýär.
Türkmenistan döwletimiziň geljegini ýaşlar bilen baglanyşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamyna ygrarly bolmak bilen, olar özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, okaýarlar, öwrenýärler. Täze tehnologiýalara, kompýuterlere ökdelik bilen erk edip, ylym-bilimiň çuňluklaryna aralaşýarlar. Muny gutardyş synaglarynyň netijeleri-de aýdyň görkezýär.
«Soňky jaň» dabarasy mynasybetli, Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagyndaky: «Ähli gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny gaýgyrman, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, watansöýüji nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr. Mähriban ýaşlarymyz täze durmuş ýolunda aýgytly ädimler bilen öňe ynamly gadam urup, döwrebap ylymlary we bilimleri özleşdirip, berkarar döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidirler» diýen sözlerini özlerine mukaddes ýörelge edinen ýaşlaryň ähli synaglary üstünlikli tabşyrmaklaryny arzuw edýäris.