Beýik ýeniş mizemez Hatyra

1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş – köp sanly halklaryň bilelikdäki ýeňşidir. Ýalynly uruşda türkmen ýigitleriniň egindeşleri ruslar, ukrainler, belaruslar, gazaklar, özbekler, gyrgyzlar, azerbaýjanlar, täjikler…  we beýleki milletleriň wekilleri bolupdyr. Bu günki günde biz Ýeňiş üçin janlaryny orta goýan ata-babalarymyzyň edermenligini, gaýduwsyzlygyny ebedileşdirmek üçin ähli tagallalary etmelidiris.
Şu maksat bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyjy esasynda 9-njy maýda Aşgabatda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu dabaraly harby ýöriş bütin dünýäde Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň iň ulusy boldy.

Автор записи: admin

1 мысль про “Beýik ýeniş mizemez Hatyra

    admin

    (07.05.2021 - 14:48)

    Watan üçin dõş geren gerçekler

Комментирование закрыто.