Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda ägirt uly özgerişler bolup geçdi, düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda hünärmenleriň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak hem-de ýaşlara bilim berlişini, okuw-usulyýeti kämilleşdirmek, olaryň ylmy garaýyşlaryny has-da artdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar.
Milli maksatnamalaryň baş ugurlarynyň biri ylym-bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakdan, ylmy barlaglary üstünlikli ýola goýmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalary we okatmagyň iň täze multimediýa serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan döwrebap okuw-terbiýeçilik edaralarynyň gurluşygy depginli alnyp barylýar we yzygiderli ulanylmaga berilýär.
Ylmy barlag işlerine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, bilimiň, alnyp barylýan ylmy işleriň hili has-da ýokarlanýar. Şonuň netijesinde, bu günki gün ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy dünýäniň ösüşine işjeň goşulýar. Asyrlaryň dowamynda toplanan milli tejribäni hem-de dünýäniň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän ylym-bilim ulgamyndaky giň gerimli özgertmeler mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim berýän mekdeplerde, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilimi kämilleşdirmek, ylmy barlaglary ilerletmek, ylym-bilim ulgamynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmek ugrundaky tagallalary bilen, ýurdumyza dünýäniň iri we abraýly oba hojalyk tehnikalaryny öndürijileriň sanly dolandyryjyly, telematik usulda abzallaşdyrylan lazer ýer tekizleýjileri, hasyl ýygnaýjy kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumyna ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalarynyň oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigi ikuçsuzdyr.
Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen kabul edilen «Sanly bilim konsepsiýasy» ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklarynyň ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilmegini, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunynyň baýlaşdyrylmagyny, hiliniň ýokarlandyrylmagyny, okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegini üpjün edýär. Bilim özgertmeleriniň barşynda, çagalar baglaryndan başlap, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine çenli ähli bilim-terbiýeçilik edaralaryny döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman okuw-usuly enjamlary bilen üpjün etmek wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýaşlara berilýän bilimiň dünýä derejesine laýyk getirilmegi babatyndaky wezipeleriň amal edilmegine mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, täze açylan ylym-bilim ojaklarynyň hatarynda Türkmen oba hojalyk institutynyň hem bolmagy örän guwandyryjydyr. Oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga mynasyp goşant goşýan Türkmen oba hojalyk institutynda agronomçylyk, weterinar lukmançylygy, şeýle hem gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetlerinde ençeme hünärler boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Institutda 13 kafedra hereket edýär hem-de oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlary boýunça ylmy barlaglar alnyp barylýar.
Institutymyzda müňden gowrak talyp ylym we terbiýe alyp, olaryň ekerançylyk, maldarçylyk, suw hojalyk, oba hojalygynyň ykdysadyýeti, oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, tehniki hyzmatyň guralyşy we dolandyrylyşy, ýyladyşhana hojalygy, oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy ýaly ugurlar boýunça döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny uly ösüşlerdir özgertmeler bilen belent sepgitlere ýetirmekde ýadawsyz tagalla edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri rowaçlyga beslensin