Bereketli hasyl ugrunda

Şu günler ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýuna her bir adam özüniň uly zähmet üstünligi bilen barmagy baş maksat edinýär. Pagtaçy daýhanlarymyz hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dabaraly bellenilýän bu şanly baýramçylyga «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirmek üçin häzirki wagtda bol hasyl toplap başlan gowaçaly pellerde ertirden agşama çenli gaýratly zähmet çekýärler
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň gözüňi dokundyrýan gowaçaly meýdanlaryny synlanyňda, daýhanlaryň belent maksat ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman gowaçalaryň bejergisini kemsiz ýetirýändiklerini aýdyň görýärsiň. Gowaçaly meýdanlaryň aglaba böleginde üç gezek toplumlaýyn bejergi işleri ýerine ýetirilip we üç gezek hem ösüş suwy berlipdir. Pagtaçy kärendeçiler gowaçanyň hasyllylygyny kepillendirýän möhüm çäreleriň biri bolan ujuny çyrpmak işini hem öz wagtynda amala aşyrýarlar. Kemsiz idegi ýetirilýän gowaçalar şu günler bol hasyl toplaýar.

Автор записи: admin