Şu günler rysgal-berekedini ene toprakdan tapýan kärendeçi daýhanlarymyz gyzgalaňly möwsüm bolan gowaça ideg etmek işlerini hem dowam etdirýärler. S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň gowaçaly meýdanlarynda şu ýyl atyzlaryň ekişe kemsiz taýýarlanylmagy, howanyň amatly bolmagy netijesinde, etrap boýunça gowaça ekilen 21 müň gektar meýdanda endigan gögeriş gazanylypdyr.
Şu günler etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna we daýhan birleşiklerine degişli traktorlar bilen hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Etrabyň ýokarda agzalan gowaça meýdanynyň 724 gektary «Nowbahar» daýhan birleşigine degişli.
Häzirki günlerde daýhan birleşiginiň meýdanlarynda gülläp oturan gowaçalaryň hatar aralary haşal otlardan arassalanýar, bejergi işleri geçirilýär. Bejergi işlerini geçirmekde kärendeçilere mehanizatorlar ýakyndan ýardam berýärler. Gowaçalaryň hatar aralaryny ýumşatmak işlerinde «MTZ-80» kysymly traktorlaryň 4-siniň güýjünden peýdalanylyp, olara mehanizatorlar ussatlyk bilen erk edýärler.
Umuman, daýhanlaryň gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda edýän irginsiz aladalary hojalyk boýunça döwlete 1 müň 300 tonna gowaça hasylyny tabşyrmak wezipesiniň artygy bilen berjaý ediljekdigine ynamyňy artdyrýar.