BEREKET-BOLÇULYGYŇ GÖZBAŞY

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, düýn Daşoguz welaýatynda bugdaý oragyna girişildi
Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda guralan ylmy-önümçilik maslahaty işjeň ýagdaýda geçdi. Oňa welaýat, etrap häkimlikleriniň, oba hojalygyna dahylly edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Maslahatda bugdaý oragyna girişmäge beren ak patasy üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy. Bellenilişi ýaly, welaýatyň gallaçy daýhanlary hormatly Prezidentimiziň döredýän şertlerinden, berýän kömek-goldawlaryndan ýerlikli peýdalanmak bilen, şu ýyl 145 müň gektar meýdana bugdaýyň synagdan geçen «Sähraýy», «Juwan», «Batko» we başga-da birnäçe görnüşlerini ekip, saldamly hasyly ýetişdirdiler. Munuň özi şu möwsümde 265 müň tonna ýokary hilli galla hasylyny ýygnamak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi üçin berk binýadyň döredilendigini aňladýar.
Şunlukda, häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli gallaçy kärendeçileriniň, kombaýnçylarynyň, ulag sürüjileriniň we oraga gatnaşýan beýleki adamlaryň öz gujur-gaýratlaryny atyzlardaky hasyly çalt ýygnap almaga gönükdirmekleri möhüm talap bolup durýar. Elbetde, bu ugurdaky derwaýys işleriň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin ýokary derejede taýýarlyk görlendigini hem aýtmak gerek. Welaýatymyz boýunça şu möwsümde däne ýygýan kombaýnlaryň 450-ä golaýynyň netijeli işledilmegi göz öňünde tutulýar. Olaryň esasy bölegi bolsa hormatly Prezidentimiziň soňky ýyllarda daşary ýurtlardan satyn alyp beren kuwwatly kombaýnlarydyr.
Mundan başga-da, ýygnalan bugdaýy harman jaýlaryna daşamaga niýetlenen dürli kysymly ulaglaryň hyzmatyndan peýdalanylar, galla kabul ediş bölümlerinde zerur işler amala aşyryldy. Bugdaý oragynda ulanyljak tehnikalar, olara erk etjek kombaýnçylar, sürüjiler ýörite toparlara birikdirilip, olaryň arasynda ýangyn-tehniki howpsuzlyk, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça düşündiriş işleri geçirildi. Bir söz bilen aýdylanda, welaýatymyzda ýetişdirilen bereketli galla hasylyny öz wagtynda ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmaga doly mümkinçilik bar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler möwsümde ýerine ýetirilmeli guramaçylyk çäreleri barada durup geçdiler. Şonuň ýaly-da, welaýatymyzyň gallaçylarynyň şan-şöhratly şu taryhy ýylymyzy uly zähmet üstünliklerine beslejekdiklerini nygtap, olaryň yhlasly işlemekleri üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şeýlelikde, bu maslahat orak möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegine gönükdirilen möhüm çäreleriň biri boldy.
Maslahata gatnaşyjylaryň bir topary Türkmen oba hojalyk institutynda oba hojalygy üçin hünärmenleriň taýýarlanylyşy, okamak üçin döredilen şertler, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyşy bilen tanyşdylar, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Görogly etrabyndaky Yzmykşir galasynda bolup, halkymyzyň geçmiş taryhy bilen baglanyşykly tapyndylara syn etdiler.
Bugdaý oragyna girişilmegi mynasybetli dabara Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň giň ekin meýdanynda guraldy.
Ine-de, toý dabarasyna gatnaşyjylar, il sylagly ýaşulular atyzyň bir çetinde hatar bolup durlar. Şu pursatda milli Liderimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda badalga berilýän bugdaý oragynyň oňuna bolmagy, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy, eziz halkymyzy bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň tutumlarynyň hemişe rowaç almagy dileg edildi. Şondan soň eli orakly ýaşulular «Bismilla!» diýip, bitginli bugdaý düýplerini orup başladylar. Altynbaş bugdaýly meýdanda gallaçylaryň çäjiniň bereketli bolmagy, harmanlarynyň belende galmagy baradaky ýagşy arzuwlaryň owazy ýaňlanýar.
Soňra atyzyň gyrasynda taýyn bolup duran kombaýnlar işe girizilýär.
Üsti bugdaýdan kemsiz ýüklenen ulaglar galla kabul ediş bölümine tarap ýola düşdüler biraz wagtdan kabul ediş bölümine gelen bugdaýly kerwen bu ýere ýygnanan mähelle tarapyndan aýdym-sazlar bilen, ýokary ruhubelentlikde garşy alyndy. Soňra ölçeg enjamlaryndan geçen ulaglar bellenilen ýerlerde öz ýüklerini düşürip başlaýarlar. Ak bugdaýyň täze hasylynyň altyn dänelerinden harman döräp ugraýar. Şu pursatda il sylagly ýaşulular, myhmanlar hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Olar bu ýerdäki galla önümleri kärhanasynda täze hasyldan un öndürilişini buýsanç bilen synladylar.

Автор записи: admin