«Ýaňlan, Diýarym!» atly telebäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyry şäheriň Ýaşlar merkezinde guralyp, uly ruhy joşguna beslendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilmegi asylly däbe öwrülen aýdym-sazly, şowhunly bäsleşigiň şäher tapgyryna zehinli aýdymçylar gatnaşdylar. Olaryň ýerine ýetiren aýdymlarynda ýaşlyk joşguny, ýaş nesilleriň bagtyýar döwrümize bolan buýsanç duýgulary öz beýanyny tapdy.
Daşoguz şäheriniň medeniýet merkeziniň aýdymçylary, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Pälwanmyrat Bakyýew, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby Aýna Abdullaýewa dagy bäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olara Daşoguz şäheriniň medeniýet merkeziniň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň Hormat hatlarydyr sowgatlary dabaraly gowşuryldy.
Welaýatymyz boýunça «Ýaňlan, Diýarym!» atly bäsleşigiň deslapky etrap tapgyrlary hem guramaçylykly ýagdaýda geçirildi.