1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli Watan üçin edermenligiň, merdanalygyň hem-de gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş weteranlaryny sarpalamak dabaralary baýramçylygyň many-mazmunyny artdyrýar. Welaýat, şäher häkimlikleriniň, TDP-niň welaýat, şäher komitetleriniň, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramaklarynda geçirilen duşuşyk dabarasy hem baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.
Uruş weterany Jumabaý Nurmedowyň öýüne baryp, hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgadynyň hem-de ter gül çemenleriniň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy nesilleriň arasyndaky jebisligiň baky mizemezligiň alamatyna öwrüldi. Dabaraly duşuşygyň dowamynda Jumabaý aga geçen söweş ýoly barada täsirli gürrüňler berdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni gazanyp beren Gahryman Arkadagymyzyň häzirki alyp barýan döwlet syýasatynyň halkyň bagtly durmuşyny, döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşini üpjün edýändigini, şol aladalaryň gadyr-gymmatyny duýup ýaşamagyň, oňa işjeň goşulyşmagyň her bir raýatyň mukaddes borjy bolmalydygyny nygtady. Dost-doganlygyň, merdi-merdanalygyň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, Watana wepalylygyň belent mekdebi bolup taryha siňen Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryny hemişe uly hormat bilen ýatlaýan bagtyýar nesillere guwanyp-buýsanýandygyny uly tolgunma bilen beýan etdi. Özleri barada irginsiz aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyşlar aýtdy.
Jumabaý Nurmedowyň döwletli ojagynda guralan dabara bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde hoş owazly nagmalar bilen utgaşdy.