Belent sarpanyň beýany

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş weteranlaryny sarpalamak dabaralary baýramçylygyň mazmunyny artdyrýar. Welaýat, şäher häkimlikleriniň, TDP-niň welaýat, şäher komitetleriniň, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň bilelikde geçiren duşuşyk dabarasy hem baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.
Uruş weterany Jumabaý Nurmedowyň öýüne baryp, hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgadynyň hem-de ter gül çemenleriniň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy nesilleriň arasyndaky jebisligiň mizemezliginiň alamatyna öwrüldi. Dabaraly duşuşygyň dowamynda Jumabaý aga geçen söweş ýoly barada täsirli gürrüň berdi. Gahryman Arkadagymyzyň häzirki alyp barýan döwlet syýasatynyň halkyň bagtly durmuşyny, döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşini üpjün edýändigini, şol aladalaryň gadyr-gymmatyny duýup ýaşamagyň, oňa işjeň goşulyşmagyň her bir raýatyň mukaddes borjy bolmalydygyny nygtady. Dost-doganlygyň, merdi-merdanalygyň, Watana wepalylygyň belent mekdebi bolup taryha siňen Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryny hemişe uly hormat bilen ýatlaýan bagtyýar nesillere guwanyp-buýsanýandygyny uly tolgunma bilen beýan etdi. Özleri barada irginsiz aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyş aýtdy
Jumabaý Nurmedowyň döwletli ojagynda guralan dabara bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde hoş owazly nagmalar bilen utgaşdy.

Автор записи: admin