Täze ýyl adamlaryň arzuwlap garaşýan ajaýyp baýramlarynyň biridir. Bu baýramçylykda saçaklarymyzy dürli naz-nygmatlardan bezäp garşylaýan halkymyz üçin ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde haryt bolçulygy döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli bazarlarynda we söwda merkezlerinde harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek, bahalaryň elýeterliligini berk gözegçilikde saklamak barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Daşoguz welaýatynyň ähli bazarlarynda, söwda nokatlarynda döwrüň talabyna laýyk işler ýola goýulýar.
Köpugurly söwda bazarynda we beýleki bazarlarda Täze ýyl harytlarynyň bolçulygy üpjün edilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli arçalar, olary bezemek üçin dürli oýnawaçlar, sowgatlyk harytlar ilatyň uly isleg bildirýän önümleridir. Täze ýyl sowgatlyklarynyň uly hatary müşderileriň ünsüni özünde egleýär. Bagtyýar halkymyzyň bazarlardan islegli harytlaryny alyp, çagajyklarynyň şatlygyny goşalandyrýan pursatlary aýratyn täsirlidir.
Täze ýyl saçaklaryny bezejek azyk harytlarynyň söwdasynyň gyzgalaňly pursatlary hem baýramçylyk ruhuňy göterýär. Bu ýerdäki azyk önümleriniň ýurdumyzda öndürilendigi diýseň guwandyryjydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň halkymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek barada berýän tabşyryklarynyň durmuşa geçirilýändigine haryt bolçulygynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Häzirki baýramçylyk günlerinde bazarlarymyzda we dükanlarymyzda dürli önümleriň bolelin bolmagyna, harytlaryň nyrhlarynyň aýratyn gözegçilikde saklanylmagyna aýratyn üns berilýär.
Arkadagly zamana hoş gelipsiň, Täze ýyl!
Durmuşymyzy, dünýämizi täzelenişe, ajaýyp özgerişe getirýän Täze ýyl baýramçylygyny her bir maşgala şatlyk-şowhun bilen garşylaýar. Bu baýramçylyk mynasybetli häzirki wagtda ýurdumyzda dabaralar, çäreler, duşuşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Daşoguz welaýatynyň “Türkmeniň ak öýi” binasy Täze ýyl mynasybetli geçirilýän şowhunly dabaralaryň mesgenine öwrüldi.
Ýagşy arzuw-islegler, belent maksatlar bilen garşylanýan Täze ýyl mynasybetli “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky dabaralar merkezinde welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Ak gary egne atyp oturan mysaly bezelen arçalar sahna aýratyn bezeg berdi. Dabaranyň başynda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň baýramçylyga bagyşlap taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy şowhunly pursatlara badalga berdi. Hemmeleriň arzuwlaryny wysala gowşurýan Aýazbaba bilen Garpamygyň sahna gelmegi dabaranyň esasy pursatlarynyň biri boldy. Uzak ýerlerden dag-derýalary, ulgam-ulgam çägeli çölleri, alys ýollary söküp gelen Aýazbabadyr Garpamygyň Täze ýyl gutlagy buýsanç bilen diňlenildi. Dabaranyň esasy myhmanlary soňra bu ýerde çagalar tans, deprekçiler toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa etdiler. Uly ruhubelentlige beslenip geçip barýan ýylymyzyň ajaýyp wakalaryny, durmuşymyza ýagty saçýan bagtyýar pursatlary beýan edýän aýdym-sazly çykyşlar oňa gatnaşanlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Welaýatyň birleşen dessançylar toparynyň joşgunly çykyşy bagşyçylyk ýolunyň kämil sungat derejesine eýe bolýandygyny alamatlandyrdy. Bezemen sahnada ýerleşdirilen monitorlarda her bir aýdym-sazly çykyşyň mazmunyna kybap şekilleriň görkezilmegi dabaranyň köpöwüşginliligini artdyrdy.