Baýramyň şanyna

Türkmen oba hojalyk institutynda Hasyl toýy mynasybetli «Azyk bolçulygy hem-de howpsuzlygy durnukly ösüşiň esasy maksadydyr» atly ylmy-amaly maslahat, şeýle-de, aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar institutyň medeniýet merkezinde Hasyl toýy mynasybetli guralan gök, bakja, pagta önümleriniň, şeýle-de, ýokary okuw mekdebiniň ylym-bilim babatda gazanan üstünlikleriniň, ylmy-barlag işleriniň taslamalarynyň sergisini synlamaga mümkinçilik aldylar.

Автор записи: admin