Baş maksat — halkyň islegini kanagatlandyrmak

Önümçilik kärhanalaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, olarda işiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, önümleriň öndürilişiniň artmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň şeýledigini önümçilik kärhanalarynyň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem görmek mümkin. Şeýle kärhanalar welaýatymyzda sanardan köp. Daşoguzyň «Çeper» tikin fabrigi hem şolaryň biri. Tikin fabriginde dürli görnüşli, ýokary hilli önümler öndürilmek bilen, ilatyň islegini kanagatlandyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär.
— Fabrigiň eli çeper tikinçileri öndürilýän önümleriň hil taýdan ýokary bolmagy üçin gaýratly zähmet çekýärler. Tikin önümleriniň aglaba bölegi buýurmalar esasynda öndürilýär. Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň buýurmalary esasynda esgerler we serkerdeler üçin ýörite eşikler tikilýär. Şeýle hem hassahana geýimleri, aşpezler üçin eşikler, ýeňlikler, başgaplar, pamykly düşek, ýorgan, ýassyk, olaryň daşlyklary, halatlar, işçi geýimleri tikilýär. Bölek satuw üçin bolsa täze biçüwdäki, bäsdeşlige ukyply uly ýaşlylar we çagalar üçin dürli görnüşdäki eşikler tikilip, olaryň bezeg aýratynlyklaryna hem-de milliligimize laýyk gelmegine uly üns berilýär. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklarynyň önümi bolan nagyşlar bilen bezelýär. Şeýle hem häzirki wagtda ilatyň saglygyny goramaga niýetlenen arassaçylyk agyz-burun örtükleri hem tikilýär. Taýýar agyz-burun örtükleri ilata hödürlenmezden öň, ýörite zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär.
Tikilýän tikin önümleriniň çig malyny esasan Ruhabat, Türkmenbaşy, Gökdepe, Aşgabat dokma toplumlary üpjün edýärler. Bu dokma toplumlary tarapyndan öndürilýän matalar özleriniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Olar ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylynyň önümi bolup, hil taýdan ähli talaplara jogap berýär. Olaryň öndürýän matalarynyň jana ýakymlylygy, berkligi, hiliniň ýokarylygy esasy aýratynlyklarydyr. Alyjylar üçin iň ýakymly, iň esasy aýratynlyk bahalaryň daşary ýurtlardan getirilýän önümlere seredende ep-esli arzanlygy, elýeterligi we tikin önümleri üçin ulanylýan matalaryň düzüminde sintetik galyndylaryň ýoklugy ýa-da ujypsyz mukdarda bolmagydyr. Tikin fabriginiň önümleri ýörite dükanlar tarapyndan sarp edijilere hödürlenýär. Şeýle-de, indi birnäçe ýyllardan bäri kärhananyň «Altyn asyr» dokma önümleri dükany hereket edýär. Bu dükanda fabrikde öndürilen ähli harytlaryň dürli görnüşleri ýerleşdirilendir. Ondan başga-da, dükanda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalaryň taýýar tikin önümleri, haly, jorap önümleri ýaly harytlar amatly bahalardan ýerlenilýär. Gelin-gyzlara niýetlenen lybaslarda milli nagyşlarymyzyň bolmagy olaryň özüne çekijiligini has-da artdyrýar.

Автор записи: admin