«Ak durna» hususy kärhanasynyň balyk awlaýjylary balyklary terligi bilen alyjylara ýetirmekde uly işleri alyp barýarlar. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bu düzüminiň motorly gaýyklar, balyk tutulýan torlar we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilen işgärleriniň tagallalary awlanylýan balyklaryň mukdaryny artdyrmaga ýardam edip, balykçylaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berdi.
Balyk awlaýjylar häzirki wagtda Sarygamyş kölünden, ýakyndan bäri bolsa Aýböwür suw howdanyndan balyk awlaýarlar. Olar şu ýyl 300 tonna balyk tutmagy meýilleşdirýärler. Häzire çenli, ýagny geçen bäş aýda onuň mukdary eýýäm 112 tonna ýetdi. Hünärmenler awlanylýan balyklaryň mukdarynyň gün-günden artýandygyny hem-de bu azyk önümine islegiň köpelýändigini seljerip, göz öňünde tutulan meýilnamanyň artygy bilen ýerine ýetiriljekdigini ynam bilen aýdýarlar.
Balykçylar S.A.Nyýazow adyndaky etrapda kärhananyň garamagyndaky birnäçe gektary eýeleýän suw howdanynda kiçijik balyjaklary hem idedip ýetişdirýärler. Olar az-kem ulalansoň, Sarygamyş kölüne we Aýböwür suw howdanyna goýberilýär. Bu bolsa balyklaryň yzygiderli köpelmegini üpjün edýär.
Balykçylaryň öndürijilikli zähmeti bilen, tutulýan balyklaryň mukdary has köpelýär we içerki bazarlarymyzda bu önümiň bolçulygy gün-günden artýar.