Baky bitewüligiň sarsmaz binýady

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda toýdan-toýa barýan merdana türkmen halkymyz bu gün goşa mukaddesligiň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryny uludan tutýar. Bu şanly sene iki mukaddesligiň baýramynyň bir günde bellenip geçilýändigi üçin taryhy ähmiýetlidir. Sebäbi Konstitusiýamyz halkymyzyň azatlygyny, özygtyýarlylygyny, erkinligini, zähmet hem durmuş goraglylygyny kepillendirse, mukaddes ýaşyl Tugumyz döwlet berkararlygynyň güwäsi bolup, belent sepgitlere, nurana menzillere atarýar.
Bagtyýarlyk döwrümizde milli Liderimiz tarapyndan ýurdumyzda başy başlanan hukuk özgertmeleriniň möhüm hem wajyp bölegi milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmakdan hem-de ony halkara hukuknamalaryna laýyklykda kämilleşdirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek ugrunda amala aşyrylan düýpli özgertmeler tebigy serişdelerimizden ýerlikli peýdalanmak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, maşgalany, nikany, eneligi, çagalygy hem-de atalygy goramak meselelerinde hem öz aýdyň beýanyny tapdy. Geçen gysga döwürde ýurdumyzda beýleki hukuknamalar bilen bir hatarda, daşky gurşaw, ekologiýa abadançylygy, milli baýlyklarymyzdan, suw serişdelerinden ýerlikli peýdalanmak babatda hem möhüm kanunlar kabul edildi. Muňa mysal edip,Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň, «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, Zähmet kodeksiniň, Suw kodeksiniň hem-de Maşgala kodeksiniň kabul edilmegini görkezmek bolar.
Geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen möhüm resminamalar aýratyn bellärliklidir. Şol taryhy gün «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi hem-de milli parlamentimiziň iki palataly kanun çykaryjy edara öwrülmegi diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken möhüm waka boldy.
Merdana türkmen halkymyzyň adyny, şan-şöhratyny ýedi yklyma ýaýan mukaddes ýaşyl Tugumyzy döwlet Garaşsyzlygymyzdan aýry göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Çünki asyrlaryň dowamynda berkarar döwletli bolmak, bir Tuguň astynda bir başa gulluk etmek arzuwynda ýaşan ata-babalarymyz döwlet garaşsyzlygyny gazanmak arkaly erkinlige, özygtyýarlylyga, mukaddes Tuguna, Tugrasyna eýe boldy. Döwlet berkararlygymyzyň çäksiz güwäsi bolan buýsançly Watan Baýdagy edil mährem ata-ene, keramatly öý-ojak, mukaddes toprak ýaly, milletiň mertebesine deňelýän mukaddeslik.
Bagtyýar il-günümizi ýeňişlerden-ýeňişlere atarýan mukaddes ýaşyl Tugumyz döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri hem daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde höküm sürýän agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň hem-de bagtyýarlygyň nyşany hökmünde belentden-belent pasyrdap dursun! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç alsyn!

Автор записи: admin