Baky Bitaraplyk — buýsanjymyz

Bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak döwletimiziň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyz soňky ýyllarda halkara giňişlikde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň, uzak geljegi nazarlaýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň netijesinde, eziz Diýarymyzyň abraý-mertebesi günsaýyn ýokarlanýar. Milli Lideriň durmuşa geçirýän möhüm başlangyçlary hemişelik Bitaraplyk syýasatyna daýanmak bilen, dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna hem-de halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden eden umumadamzat bähbitli çykyşlarynda bütin dünýäde parahatçylygy berkitmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, şol bir wagtyň özünde ynsan ýaşaýşynyň derejesini ýokarlandyrmak baradaky teklipleri, öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldaw tapdy.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolup duran döwletler tarapyndan iki gezek resmi taýdan ykrar edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyň netijesidir. Biziň döwletimiz dünýäniň ähli ýurtlary babatda hoşniýetli, ynsanperwer garaýyşlardan ugur almak bilen, dünýäde ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň, asudalygyň we parahatçylygyň, dost-doganlygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýar. Şeýle hem bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen, halkara konwensiýalaryň, şertnamalardyr beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň hem 150-den gowragyna gatnaşýandygy-da Garaşsyz ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýynyň, mertebe-derejesiniň belentdigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara syýasy giňişlikde öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny nazara almak bilen, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilendigi we bu Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwletiň çykyş edendigi hem agzybir halkymyzyň Garaşsyz ýurdumyza, döwlet Baştutanymyza bolan guwanç-buýsanjyny goşalandyrdy.
Bitaraplyk milli bähbitleri amala aşyrmagyň has kabul ederlikli nusgasy bolmak bilen, ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, medeni ýörelgelerine laýyk gelip, dünýä giňişliginde, şeýle hem içerki ösüşde Türkmenistanyň üstünlikleriniň inkär edip bolmajak we möhüm şertleriniň biri bolup durýar.
Bitaraplyk durnuklylygyň, durmuş adalatlylygynyň we ösüşiň sinonimi hökmünde ýurdumyzyň raýatlarynyň aňyna berk ornaşdy. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa Bitaraplyk birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň nyşany hökmünde çykyş edýär.

Автор записи: admin