Taryhy çeşmelere laýyklykda, paýtagt şäherimiz Aşgabat 1881-nji ýylda şol wagtky Aşgabat diýen obanyň ýerine harby berkitme hökmünde gurlup başlanýar. Goňşy obanyň we gadymy Aşgabat galasynyň ady bilen bu harby berkitme hem Aşgabat diýlip atlandyrylypdyr. 1882-nji ýylda resmi iş kagyzlarynda ilkinji gezek «Aşgabat şäheri» diýen at peýda bolýar. Özüniň 140 ýyllyk taryhynyň gözbaşynda bary-ýogy 800 öýli ilaty, ýoda ýalyjak köçeleri bolan şäher tiz ösýär. 1885-nji ýylda Aşgabat — Kaspi, 1899-njy ýylda Aşgabat — Daşkent demir ýollarynyň gurulmagy Aşgabat şäheriniň ösmegine uly ýardam edýär. Aşgabadyň örän möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi onuň goňşy ýurtlar bilen ykdysady we söwda aragatnaşyklarynyň çalt ösmegine getirýär. Aşgabatda «Zakaspiýskoýe obozreniýe» we «Ashabad» diýen gazetler rus dilinde çap edilýär. Bu şäher ülkäniň barha ösýän jemgyýetçilik pikiriniň merkezine öwrülýär.
Şol döwürde kitaphanalaryň, muzeýleriň, kerwensaraýlaryň gurulmagy netijesinde, şäheriň binagärlik keşbi özgerip ugraýar. 1890-njy ýylda Aşgabatda ilkinji telefon nokady işläp başlapdyr. 1895-nji ýylda Orta Aziýada iň irki ýörite orta okuw jaýlarynyň biri bolan Aşgabat demir ýol transporty tehnikumy döredilipdir. 1919-njy ýylyň 17-nji iýulynda Aşgabadyň ady üýtgedilip, oňa Türküstan ASSR-niň zähmet halk komissary P.G.Poltoraskiniň ady dakylýar. Poltorask 1924-nji ýylyň güýzüne çenli Türküstan ASSR-niň Türkmen oblastynyň paýtagty bolýar. 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan SSR-niň döredilmegi bilen, Poltorask onuň paýtagtyna öwrülýär. 1927-nji ýylda bolsa şäheriň öňki Aşgabat diýen milli ady täzeden dikeldilýär. 1921-nji ýylda penjire aýnalaryny, dürli reňkli çüýşe we gap-çanak öndürýän aýna kombinaty işe girizilýär. 1922-nji ýylda Aşgabat pedagogik uçilişşesi açylýar. 1924-nji ýylda çakyr kombinaty işe girizilýär. 1925-nji ýylda türkmen döwlet kitaphanasy hem-de «Modern» ady bilen kinoteatr açylýar.
1926-njy ýylda paýtagtda A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry açylyp, onda A.P.Çehowyň «Ülje bagy», A.S.Griboýedowyň «Akyl zerarly hasrat», N.W.Gogolyň «Derňewçi» A.N.Ostrowskiniň «Ýazyksyz günäkärler», W.Şekspiriň «Otello», G.Seýitliýewiň «Jahan», T.Esenowanyň «Şemşat» eserleri esasynda sahnalaşdyrylan oýunlar halka hödürlenipdir. 1926-njy ýylda aýal-gyzlardan başlangyç mekdep mugallymlaryny taýýarlaýan üç ýyllyk ýörite orta okuw jaýy — Aşgabadyň aýallar pedtehnikumy döredilýär. 1928-nji ýylda 8-nji mart adyndaky Aşgabadyň ýüpek fabrigi işe başlaýar. 1929-njy ýylda nah mata kombinaty, Aşgabat gidromelioratiw, şeýle hem Aşgabat ýer gurluşyk tehnikumlary açylýar. Şol ýylda Aşgabat rus pedtehnikumy açylyp, onda rus mekdepleriniň başlangyç synplary üçin orta pedagogik bilimli mugallymlar taýýarlanylypdyr. 1930-nji ýylda Aşgabadyň şekerden we undan konditer önümlerini öndürýän fabrigi açylýar. 1930-njy ýylda Aşgabat söwda-maliýe tehnikumy döredilýär.
1931-nji ýylyň ýanwarynda A.M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet pedagogik instituty (häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti) döredilýär. 1932-nji ýylda un we kombinirlenen iým öndürýän kärhana açylýar. 1933-nji ýylda owadan, nepis halylary we sowgatlyk haly önümlerini dokamaga ýöriteleşdirilen Aşgabadyň çeperçilik-eksperimental haly fabriginiň açylmagy bilen, halkyň medeni durmuşy özgerişlere eýe bolýar. 1934-nji ýylda aýakgap fabrigi döredilýär.
Ösüşleriň ýoluna düşen Aşgabatda 1938-nji ýylda et-konserw kombinaty, 1939-njy ýylda jorap-trikotaž fabrigi döredilýär, 1941-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmen döwlet opera we balet teatry, 1954-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Aşgabadyň Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumy açylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimleriň mekany bolan paýtagt şäherimiz innowasiýalaryň, sanly ulgamyň ýyldyrym çaltlygynda ösýän, tutuş dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy wagyz edýän halkara merkeze öwrüldi.
2013-nji ýylda döwlet Baştutanymyz her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününi belläp geçmek hakynda Permana gol çekdi. Şondan bäri hem Aşgabadyň güni her ýyl uly baýramçylyk dabarasyna beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenilýär. Häzirki döwürde parahatçylygyň merkezine öwrülen Aşgabadyň bu günki keşbini görmäge göz, beýan etmäge söz azlyk edýär diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Munuň hakykatdan hem şeýledigini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanýan ýylynyň 7-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkyna toý sowgady bolan ýene-de bir ajaýyp eseri — «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby hem tutuş aýdyňlygy bilen subut edýär. Merkezi Aziýanyň merjen şäherine öwrülen Aşgabat häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty netijesinde, dünýäniň iň owadan we arassa şäherleriniň biri hökmünde tanalýar.
Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň binagärlik we gurluşyk işlerini ýokary derejelere ýetirmekde bitiren işleri üçin hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly at dakyldy. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen paýtagty ähli babatda nusgalyk şäher bolmalydyr» diýýär.
Aşgabat XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda depginli ösüş ýoluna düşýär. Bu günki gün Aşgabadyň gözellikleri, ajaýyp binalary, desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun aldy. Ginnesiň rekordlar kitabyna täsinlikleriniň 11-si bilen giren Aşgabadyň özi hem 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde hasaba alyndy. Munuň özi, ozaly bilen, hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça alyp barýan giň gerimli işleriniň dünýä derejeli ykrarydyr, ýurdumyzyň paýtagtynyň gaýtalanmajak gözelliklerine berlen ýokary bahadyr, baş şäherimiziň hemişe dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezindediginiň aýdyň nyşanydyr.
Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat bu gün älem-jahanyň üns merkezinde. Günsaýyn özgerýän, gözelleşýän paýtagtymyz ajaýyp ak mermere beslenýän beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilgähleri bilen bu ýere myhman bolup gelenleri haýran galdyrýar. Milli Liderimiziň döredijilik zehininiň, sungat eseriniň nyşany bolan ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dostluk-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ynanyşmagyň mekanyna öwrüldi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ata Watanymyzyň ýüregi bolan merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen baýramlaryň, toýlaryň utgaşykly gelmegi halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy.