Gök we bakja önümlerini ter görnüşde günde-günaşa iýýän, şiresini içýän adamlaryň aşgazany, içegeleri sagdyn bolýar. Olar aşgazan şiresiniň we ödüň işlenilip çykarylmagyna itergi berýärler.
Käşiriň we şugundyryň şiresi aşgazanyň turşulygyny peseldýär.
Kelem şiresi aşgazanda dörän agyryny köşeşdirýär, ýürek bulanmany aýyrýar, gusmanyň öňüni alýar. Aşgazan-içege kesellerine duçar bolan syrkawyň saglygyny dikeltmäge ýardam edýär.
Ýeralmanyň şiresi aşgazan şiresiniň sekresiýasyny peseldýär, agyryny aýyrýar. Ylaýta-da, aşgazanyň başly ýaralaryna peýdaly. Elbetde, diňe dermanlyk ösümlikler we şireler bilen aşgazan-içege kesellerinden gutarnykly dynyp bolmaýar. Ýöne olar degişli derman serişdeleri bilen ulanylanda, bejerginiň täsirini artdyrýar, iýmit siňdiriş ýollaryna artykmaç agramyň düşmeginiň, dermanlaryň goşmaça ýaramsyz täsir etmeginiň öňüni alýar