Döwletiň iň bir möhüm ugurlarynyň biri bolan medeniýet-sungat ulgamy hem bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhy bilen ruhlanyp, has belent derejelere çykdy. Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2009-njy ýylda döwlet baýramçylyklarynyň hataryna Medeniýet we sungat işgärleriniň güni girizildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde muzeýler, kitaphanalar, medeniýet öýleri, teatrlar gurlup, ulanylmaga berildi.
Türkmen halkynyň dessançylyk sungatyndan gözbaş alyp gaýdýan teatr sungatynyň biziň bagtyýarlyk döwrümizde sarpasy, ähmiýeti has-da artýar. Döwletimiziň ähli teatrlary bilen bir hatarda, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň agzybir döredijilik topary hem bagtyýar zamanamyza guwanyp, ajaýyp döwürden ruhlanyp, döredijilikli zähmet çekýärler. Munuň şeýledigini teatryň döredijilik repertuaryna göz aýlanyňda görmek bolýar. Teatryň sahnasynda bagtyýarlyk döwrümizi, eşretli durmuşymyzy wasp edýän, öz halal zähmeti bilen döwletimiziň gülläp ösüşine aýratyn goşant goşýan döwrümiziň gahrymanlarynyň keşplerini janlandyrýan oýunlaryň aglabasy sahnalaşdyryldy. Olaryň has şowly çykanlarynyň hatarynda Öremyrat Öwezowyň «Bagtyýarlyk kenary», «Bagt mekany» (režissýory Bekmyrat Hallyýew), Nobatguly Rejebowyň «Sahawat derýasy» (režissýory Bekmyrat Hallyýew), Myrat Ömüriň «Seň dünýäňde galaýyn» (režissýory Guwanç Baýmetow) ýaly oýunlaryny görkezmek bolar. Teatrda sahnalaşdyrylan «Görogly» şadessany esasynda Jamma Meredowyň «Görogly», Öwezmämmet Galandarowyň «Bibijan», Öremyrat Öwezowyň «Şasenem-Garyp» dessany esasynda ýazan «Aşyklar kyssasy» ýaly oýunlary halkyň söýüp tomaşa edýän oýunlaryna öwrüldi. «Oguz rowaýaty», «Soltan Jelaletdin», «Oguz gudraty», «Saz gudraty» ýaly taryhy oýunlar hem teatryň repertuaryny bezeýär. Şonuň ýaly-da, teatryň döredijilik topary körpe tomaşaçylar üçin hem birnäçe erteki-dramalary, aýdym-sazly oýunlary sahnalaşdyrdy. Muňa mysal edip, Gurban Rejebowyň eseri esasynda Guwanç Baýmetowyň sahnalaşdyran «Ýakma, bişersiň!», Rahmanberdi Kakaýewiň «Dostlugyň güýji», Gaýypdurdy Jumaýewiň eseri esasynda Bekmyrat Hallyýewiň sahnalaşdyran «Batyr ýürekli», Öremyrat Öwezowyň eseri esasynda Bekmyrat Hallyýewiň sahnalaşdyran «Täze ýyl ertekisi», Myrat Ömüriň eseri esasynda Guwanç Baýmetowyň sahnalaşdyran «Synag» ýaly oýunlaryny görkezmek bolar. Bulardan daşary teatryň döredijilik topary ýurdumyzda geçirilýän halkara festiwallara, döredijilik duşuşyklaryna, döredijilik ugry boýunça iş maslahatlaryna, medeniýet günlerine hem işjeň gatnaşýar. Gözel Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk-medeni çärelerine teatr öz taýýarlaýan teatrlaşdyrylan edebi-sazly kompozisiýalary, baýramçylyk çykyşlary bilen gatnaşýar.
Her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýlary gowşurylýar. Uzak ýyllar halal zähmet çeken medeniýet-sungat işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlary dakylýar. Döwletimiz, hormatly Prezidentimiz tarapyndan edilýän şeýle uly aladalar, döredilýän ajaýyp şertler teatr işgärlerini joşgunly, döredijilikli zähmet çekmäge galkyndyrýar.