BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ DÖREDIJILIK SAZLAŞYGY

25-nji iýunda Diýarymyzyň gündogar welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň taryhy-binagärlik ýadygärliklerini öwrenmek we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini hem-de kino sungatynyň ýeten sepgitlerini açyp görkezýän dabaralar boldy.
Tanyşdyrylyş gezelenjiň çäklerinde Kerki etrabynda Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Türkmenistanda XI asyryň binagärliginiň iň gowy nusgalarynyň biri bolan Alamberdaryň kümmetine hem-de XI-XII asyrlara degişli metjitden we kümmetden ybarat bolan Astanababa ýadygärlik toplumyna hem-de Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk böleginde müň ýyl mundan ozal gurlan Daýahatyn kerwensaraýyna we gadymy Amul şäherine baryp gördüler.
Etraplaryň medeniýet öýlerinde «Arkadagly Watanda sarpalydyr sungatymyz» atly döredijilik duşuşyklary guraldy.
Halk hem-de häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetiren ýurdumyzyň bagşy-sazandalary we tanymal şahyrlary bilen geçirilen duşuşyklar welaýatyň ilaty üçin hakyky sowgat boldy.
Türkmenabat şäheriniň Medeniýet öýünde kinematografiýaçylar Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde kino düşürmek bilen bagly alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler we ýygnananlaryň köp sanly sowallaryna jogap berdiler.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde kino görkezilişler guraldy.
Lebap welaýatynyň merkezinde geçirilen döredijilik çäresinde «Bitaraplyk» seýilgähinde Mary we Lebap welaýatlarynyň sungat ussatlary ajaýyp aýdym-sazlardyr tanslar şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ruhy lezzet paýladylar.
26-njy iýunda žurnalistler üçin brifing, usulyýet maslahaty geçirildi hem-de «Saz rowaýaty» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly duşuşygy Lebap welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda guraldy.
Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde guralan usulyýet maslahatyna gatnaşyjylar medeni mirasy, halk sazlarynyň we tanslarynyň, folklor döredijiliginiň gadymy nusgalaryny gaýtadan dikeltmek hem-de wagyz etmek, halk köpçüligini bu ugurda gazanylanlar bilen giňden tanyşdyrmak boýunça oba medeniýet ojaklarynda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar üçin bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde gadymy mukamlar we aýdymlar ýaňlandy.
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary «Saz rowaýaty» sahna eserini tomaşaçylara hödürledi. Lebaply artistleriň täze sahna eseri döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Автор записи: admin