Bagtyýarlygyň çeper keşbi

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllyk toýy mynasybetli dabaraly çäreler Daşoguz  welaýatynda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Dürli ugurlara degişli geçirilýän sergiler, bäsleşikler, maslahatlar berkarar döwletimiziň belent derejesiniň taryhy we halkara ähmiýetini açyp görkezýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bitarap Watanyň ösüşleri» atly şygar bilen surat sergisi we bäsleşigi guraldy. Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň, TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň we Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen sergide çeperçilik mekdepleriniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlary boýunça taýýarlan eserleri görkezildi. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň nusgasyny dünýä ýaýýan ata Watanymyzyň bagtyýar durmuşy, baý tebigaty, milli gymmatlyklary, bedew batly ösüşlerimiziň alamatyna öwrülen ajaýyp binalardyr desgalar şekillendirilen eserler özüne çekijiligi bilen tapawutlandy. Ajaýyp eserleri döretmekde tapawutlanan mugallymlara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.
Serginiň çäklerinde ýaşajyk suratkeşleriň döreden eserleri boýunça bäsleşik geçirildi. Kalbyndaky ajaýyp arzuwlaryny çeper şekilleriň üsti bilen beýan eden ýaşajyk waspçylaryň eserlerine ýörite eminler topary tarapyndan baha berlip, bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaş suratkeşlere TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.

Автор записи: admin