Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyla barabar şöhratly ýolunda Diýarymyz, halkymyz ösüşiň dürli tapgyrlaryny geçip gelýär. Şu döwürde döwlet gurmagyň milli tejribesiniň kemala gelmegi bilen, jemgyýeti has kämilleşdirmek ýoluny işjeň dowam etdirmekde zerur şertler döredildi. Ilkinji bellemeli ýagdaý, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli demokratiýanyň döwrebap esaslarynyň döredilmegidir. Ýurdumyzda saýlaw ulgamy kanunçylyk esasynda berkidildi. Saýlaw kodeksi, «Syýasy partiýalar hakynda», «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda», «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda demokratiýany guramaçylyk taýdan amala aşyrmak işine dahylly düzümleriň hukuklaryny kepillendirýän, ornuny we borçlaryny anyk kesgitleýän, raýatlaryň saýlanmaga we saýlamaga bolan hukuklarynyň esasy ýörelgelerini beýan edýän milli hukuk binýadydyr.
Döwletiň, jemgyýetiň esaslaryny syýasy-hukuk taýdan yzygiderli berkitmek ugrunda dürli ýyllarda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde, Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşleri kabul edildi. Jemgyýetçiligiň syýasy işjeňliginiň artmagyna, halkyň döwlet gurluşynyň demokratik esasda pugtalandyrylmagy babatdaky möhüm wakalara çuň we giňişleýin düşünmegine, bu taryhy wakalara has ýakyndan gatnaşmagyna ýol açan konstitusion özgertmeleriň möhüm ähmiýeti ýyl geçdigiçe has aýdyň ýüze çykýar.
Häzirki zaman döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny dolandyrmagyň çylşyrymly tarapy ösüşlere gönükdirilen ähli çäreleri, hemme hereketleri toplumlaýyn we çalt depginde ýola goýmakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň bu günki halkara giňişliginde öz ornuny has pugtalandyran, ykdysady taýdan ygtybarly esaslara daýanýan, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehnologik gazananlaryny giňişleýin özleşdirýän ýurda öwrülendigi bilen baglylykda, demokratik hereketi çaltlandyrmagyň, konstitusion özgertmäniň täze tapgyryny amala aşyrmagyň derwaýyslygy döwrüň talabyndan gelip çykýar. Ýurdumyz häzir onlarça ýyl mundan ozalky derejesinden has belent sepgitlere ýetdi. Munuň özi durmuş-ykdysady ýagdaýlar, ylym-bilim, aňyýet, ýaşaýyş şertleri babatda we köp beýleki ugurlarda täze, ösen derejelere ýetilendigi, raýat jemgyýetiniň düzümleýin ösdürilendigi netijesinde, halkyň durmuşynyň, aň-düşünjesiniň, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hil taýdan düýpli özgermegine täsir eden ýagdaýdyr.