Bagtyýar geljegiň kepili

Sagdyn durmuş ýörelgesine uýup ýaşaýan merdana halkymyz bu gün bagtyýar geljeginiň binýadyny has-da berkidýär. Nesilleriň saglygyny goramak bolsa ertirki günüň aýdyň, ýagty bolmagyny gazanmakdyr. Muňa doly düşünýän halkymyz häzirki wagtda-da bu meselä aýratyn ünsli çemeleşýär. Bagtyýar durmuşymyzyň kepiline öwrülen sagdynlyk ýörelgesi Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň Türkmen oba hojalyk instituty bilen bilelikde guran maslahaty hem Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn  geljek» atly Milli strategiýany durmuşa ornaşdyrmakda bilim ulgamynda alnyp barylýan işlere bagyşlandy. Institutyň medeniýet merkezinde geçirilen maslahatda çykyş edenler, ýurdumyzda zenanlaryň orny, gender deňligini üpjün etmekde amala aşyrylýan işler barada buýsançly belläp geçdiler.

Автор записи: admin