BAGTDAN PAÝLY BAGTYÝAR NESILLER

Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde şu günler bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi uly şatlyk-şowhun bilen dowam edýär. Welaýatymyzyň gözel künjeginde ýerleşen «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezine Watanymyzyň gül-gunçalary bolan bagtyýar nesiller uly höwes bilen gelýärler. Bu merkez bir möwsümde 6 tapgyrda çagalary kabul edip, onda her tapgyrda 150 çaganyň dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär. Çagalar wagtynyň köp bölegini döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan dürli gurnaklara niýetlenen otaglarda, okalga zallarynda, aýdym-saz, şekillendiriş otaglarynda geçirýärler. Şeýle hem bu ýerde ýaş nesilleriň sporta, bedenterbiýä höweslerini artdyrmak üçin ýörite woleýbol, basketbol, tennis meýdançalary bar. Binanyň umumy zallarynda küşt, şaşka, domino ýaly oýunlary oýnamaga şertler, şeýle-de çagalaryň bedenini suwda taplamaklaryna niýetlenen suwa düşülýän howuzlaryň üçüsi, dürli oýunlara niýetlenen attraksion bilen üpjün edilen oýun zaly, hormatly Prezidentimiziň ýiti galamynyň astyndan çykan ajaýyp eserleri, çaga dünýäsi bilen baglanyşykly gyzykly kitaplary özünde jemleýän kitaphana çagalaryň ünsüni has hem özüne çekip, olaryň durmuşyndaky ýatda galyjy wakalary baýlaşdyrýar.
«Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde ýörite meýilnamalar esasynda bäsleşiklerdir duşuşyklar, gyzykly syýahatlar yzygiderli guralýar. TMÝG-niň welaýat geňeşi ýakynda bu ýerde dynç alýan çagalaryň arasynda ýörite meýilnama esasynda sportuň futbol, basketbol, woleýbol, şaşka, suwda ýüzmek görnüşleri boýunça bäsleşik gurady. Bu ýerde dynç alýan bagtyýar çagalar bäsleşikde özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini görkezdiler.

Автор записи: admin