Bäş müň ýyllyk taryhy bolan halkymyz aýdym-saz sungatyna uly üns berip, arkama-arka dowam edip gelýän bagşyçylyk sungatymyzy has-da ösdürýär. Daşoguz welaýatynda hem özleriniň gaýtalanmajak ussatlyklary, başarnyklary, ýakymly owazy bilen halkyň sylag-hormatyna mynasyp bagşy-sazandalar ýaşapdyrlar. Geçmişde özboluşly yz galdyran bagşy-sazandalar baradaky maglumatlary, olaryň saz gurallaryny we geýimlerini, ses ýazgylaryny, suratlaryny ýygnap, halka ýetirmek maksady bilen, 1992-nji ýylda welaýat merkezinde işe başlan bagşylar muzeýiniň agzybir işgärleri welaýatyň etraplarynda bolup, bagşy-sazandalar barada maglumatlary we muzeý gymmatlyklaryny ýygnaýarlar. Häzirki günde bagşylar muzeýinde aýdym, dessan aýtmakda tapawutlanan halypa bagşylar barada gyzykly maglumatlar saklanýar. Bagşylar muzeýide ata-baba dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn ähmiýet berlip, ýaş bagşy-sazandalar barada-da maglumatlar toplanýar. Welaýatdaky bagşy-sazandalaryň hormatly ada eýe bolanlarynyň sany barha köpelýär. Olardan Türkmenistanyň halk artisti Almagül Nazarowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Guwanç Otuzow, Sabyr Sabyrow, Nowruz Mätnyýazow, Dursunjemal Gazakowa, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Bahargül Galpakowa we beýlekileriň atlaryny tutasymyz gelýär. Häzirki wagtda bagşylar muzeýiniň agzybir işgärleri bagşyçylyk sungatyny öwrenmekde, toplanan gymmatlyklary aýawly saklap, wagyz etmekde birnäçe çäreleri geçirýärler, halypa bagşylar bilen duşuşyklary, göçme sergileri guraýarlar.
Похожие записи '
09 Мар
Prezident saýlawlary üçin görlen taýýarlyklar: saýlawlar giňden halka ýetiriler
Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet...
05 Мар
SAGDYN BOLUŇ-SAGLYK BAGTLY DURMUŞYŇ GÖZBAŞYDYR.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykaryldy....
05 Мар
Köp çagaly enelere döwrebap öýler sowgat berler
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, sişenbe güni ýurdumyzda ajaýyp baýram bolan Halkara zenanlar gününiň...
05 Мар
«Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda her ýyl geçirilýän «Ýylyň zenany» bäsleşigniň jemi jemlenildi. Däp...