BAGBANÇYLYK — BÄHBITLI IŞ

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, hususy oba hojalyk önümlerini öndüriji Sarybaý Hanbaýew almanyň we beýleki miweleriň ir ýetişýän görnüşleriniň täze hasylynyň uly tapgyrlaryny içerki bazarlarymyza yzygiderli ugradýar. Onuň 35 gektar meýdany eýeleýän baglary Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çäginde, tarp ýerli meýdanlarda ýerleşýär. Bagyň 10 gektaryny ülje, 10 gektaryny erik, 10 gektar meýdanyny alma we armyt agaçlary tutýar, 5 gektarynda ýerleşýän üzümçilik hem her ýyl bol hasyl berýär. Işleri barha ilerleýän bu telekeçi täze tehnologiýalary netijeli ulanmagyň, üzümiň ý101009erli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, dürli kesellere durnukly görnüşlerini ekmegiň hasabyna hasyllylygy ýokarlandyrmagy başarýar. Tejribeli telekeçi bagçylykdan başga-da, oba hojalyk ekinleriniň beýleki görnüşlerini ýetişdirmek bilen hem meşgullanýar.

Автор записи: admin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован.